Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Skopas
Ýazylan wagty: 16 мая 2019 Ýazan Mayichka
Skopas
Skopas öz işlerinde tragiki hadysalary görkezýär. Meselem diýip “ýaralanan
esgerler” işi Afinanyň ybadathanasynyň frontonynda ýerleşýär. Skopasyň ullanýan
materiallary mermer, daşy. Mermer daşynyň bir täsiri bar, ol her hili öwüşgin
berýär. Skopasyň “Menada” diýen işini göreniňde. Tans edýän gyzyň kyn
öwrümde kellesiniň, bedeniniň, saçynyň gerşine düşüp durşy geň galdyrýar.
Skopasyň işleri pikirli, gaýgyly, ýa-da durmuşda şadyýan diri häsiýetlenmäni
berýär.
Skopasyň original ýeke-täk galan işi Galikarnak mawzaleýiniň frizinde
şekillendirilen, işiň ady “greklar bilen amazonkalaryň söweşi” (Drezdende
ýerleşýär).
Praksitel( heýkeltaraşçy )
Öz sungat ýolynda ol içki dünýäsi arassa, owadan, arkaýyn pikirli obrazlary
döredýär. Skopas bilen Praksiteliň işleri meňzeýär we öz arasynda deňeşdirmek
bolar. Olar öz işlerinde adamyň içki dünýäsini aýan edýärler, ýöne Praksiteliň işleri
liriki-inçe işler. Ýokary derejeli topar işi diýip, mermerdan ýasalan “Germez we
Dionis”. Praksitel täze görmegeý aýal obrazyny döredýär. Ony Afrodita obrazyna
salyp, suwa girjek bolup, eşigini çykarjak bolup durka obrazyny şekillendirýär.
Praksiteliň rowaýat temalaryndan işi bar. Heýkeltaraşçy seýil-gähler üçin köp iş
döredýär (ellinizm döwründe). Skopas bilen Praksiteliň işleri ýokary klassika
prinsipleri bilen häsiýetlendirilýär.
Aleksandr Makedonskiniň ýörişlerinden soň uly ýeňişlere eýe bolup hem-de
polisleri boýun edip, Aziýany basyp alyp, makedon deržawasy täze ýola – ellinizm
döwrüne gadam basýar.
Leohar( heýkeltaraşçy )
Ol ýörite Aleksandr Makedonskiniň ýörite heýkel taraşçysy bolupdyr. Öwülgi
işi diýip “Apollon Belwederskiý” – ýokary professional derejede ýetirilen.
Lisipp( heýkeltaraşçy )
Realistik ugur bilen işleýän Lisipp (giçki klassika) Aleksadr Makedonskiý
döwründe işlän. Goýan maksady: adamyň içki pikirini aýan etmek. Ol boýy 20 m.
ybarat bolan Zewsiň heýkelini ýasaýar (bürünç materialyndan) ýöne biziň
günlerimize ýetmändir. Ýene-de bir işi Geraklyň heýkeljigi ýörite Aleksandr
Makedonskiý üçin ýasalan.
Okalan sany: 55   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
16 мая 2019

Aleksandr Makedonskiý grek polislerini özüne borç edensoň, ýokary klassika döwrüniň ösmegine böwet bolýar. Polisleriň dargamagy bilen, dawa-jenjenler köpelmegi sebäpli sungatda adam garaýyşa üns peselýär, ýöne şonda-da esasy tematika bolup gözel adamyň şekili bolup durýar. Giçki klassikada sungat adamlaryň öňündäki mesele, diňe adam boý suratyny görketmek däl, onuň duşmanlar bilen göreşişi tebigy hadysalar bilen baglanyşykly tematika bar.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06643 sek. ýüklenen baýt: 31847