Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Altyndepe – gadymy şäher siwilizasiýasy
Ýazylan wagty: 16 мая 2019 Ýazan Mayichka
Altyndepaniň meýdany 25 ga barabar bolupdyr. Üç
özgerme bolup geçýär:
1) mallaryň ýük çekmekde giňden peýdalanşy. Onuň şeýledigini gazuwagtaryş işleri geçirilende tapylan toýundan ýasalan 4 tigirli arabanyň modeli
tassyklanýar.
2) özgerme şol wagtlar toýundan gap-çanak ýasamaklykdyr. Ony ilki başdan
elleri bilen hasap, onuň daşky bölegini ýeterlik eýläpdir. Gap-çanaklary ilki
owadan zat hökmünde ýasapdyr, olara owadan nagyşlar çekipdir.
3) özgeriş metallurgiýa senagaty. Günorta Türkmenistanyň irki ekerançylyk
obşinasynda misden her dürli zatlary ýasapdyrlar, we altyn-kümüş işläp bejeripdir.
Gadymy tehnikanyň ösüş döwri başlanýar, şonuň üçin oňa bürünç döwri diýilýär.
Şäheriň baş girelgesi ajaýyp binagärlik gurluşygynda bina edilendir. Onuň
derwezesiniň ini 15 metre ýetýär. Derwezeleriň ortasynda pyýada geçer ýaly iki
diwardan galdyran geçelge goýlupdyr. Derwezeler Altyndepäniň ösmeginiň we
kuwwatlanmagynyň simwoly bolupdyr. Ol eýýäm diňe bir köp ilatly punkt
bolman, şäher merkezine öwrülýär. Gazuw agtaryş işleri geçirilende zenan keşbi
şekiline duş gelmedi. Şol döwürde hudaýy hasap edilýän zenan keşbi-obrazy
meşhurlyk gazanypdyr, oňa derek altyndan edilen öküziň kellesi gyzyklanma
döredýär. Öküz keşbi erkek jynsa bagyşlanyp öküz şäheriň goragçysy hökmünde
çykyş edipdir. Öküz Altyndepäniň simwoly bolupdyr. Zenan hudaýy Altyndepede
siwilizasiýa öz meşhurlygyny saklapdyr, şekilini her öýde duşulýar. Ýöne heýkeliň
ululygyny derek indi şertli tekiz figuralar bolupdyr. Heýkeltaraş esasy ünsi
heýkeliň berk we nepis bolmagyna bagyşlapdyr. Altyndepedäki zanan hudaýyyň
heýkeli onuň ýaşaýjylaryň hakyky keşbini suratlandyrýar. Şol heýkeldäki boýna
dakylýan hatar-hatar şaý-sepler, guşaklaryň hem birnäçe hatar edilip bile
dakynylmagy muňa şaýatlyk edýär. Görnüşe görä, gadymy şäheriň zananlary uzyn
saçlaryny ýaýyp gezipdirler, adamlar hudaýlary özlerine kybapdaş edip
ýasapdyrlar.
Çeper medeniýetiň aýratyn formasyny altyndan, kümüşden we bürünçden
ýasapdyrlar. Olaryň hataryna möjegiň we öküziň kellesi, şeýle hem köp sanly
möhürler girýär. Altyndepedäki möhürlerde ýylanyň obrazyny ýaýratmaklyk amala
aşypdyr. Şeýle hem aý oragynyň görnüşinde ýasalan möhür bar. Onyň içinde
egrem, bugram bolup duran ýylan dur. Meşhur adamlaryň ýaşaýan kwartalyndaky
mazarlaryň birinde ýene bir ajaýyp möhür tapyldy.
Altyndepede siwilizasiýanyň medeniýetinde gazanalan köpsanly üstünlikler
Orta Aziýada geljekde gadymy medeniýetiň ösmekligine özboluşly bir
fundamentiň bolandygyny aňladýar. Altyndepede çig kerpiçden gurluşyk
gurmaklygyň usuly işlenilip, monumental gurluşyklaryň, çözgüde çözülip, binalar
şol materiallardan gurlupdyr. Şonuň üçin Parfiýa, Baktriýa, Sogda we Horezm
siwilizasiýalarda esasy gurluşyklaryň görnüşlerini çig kerpiçden gurupdyrlar.
Okalan sany: 75   Jogaplar: ( 2 )

Mayichka
16 мая 2019

Altyndepe dünýäniň taryhy ylmyndaky meşhur Şumer, Wawilon, gadymy Hindi, gadymy Hytaý siwilizasiýalary bilen deň hatarda durýar. Ilkinji siwilizasiýanyň özboluşly alamatlary bolýar: 1 – ýokary derejeli ýöriteleşdirilen önümçilik; 2 – özboluşly medeniýet, uly gurluşyklar şol döwre garanyňda geň galdyrýar: ybadathanalar, köşkler, gala diwarlary gurulýar. Bu monumental binagärlikdir. 3 – adamzat taryhyndaky iň beýik açyşlaryň hatarynda durýan ýazuw hatynyň emele gelmegidir. Türkmenistandaky iki siwilizasiýa merkeziniň 2-de Kaka etrabynda bolup, olaryň biri etrap merkezden onçakly uzakda bolmadyk Namazgadepe, beýlekiside Mäne obasynyň alkymyndaky Altyndepedir. Altyndepäniň gadymky ady unydylypdyr.

masteros
18 мая 2019

Assalom alekum! Saytlar uchun android dasturini tuzib beramiz.Arzon narxda.
Bahosi: 55 qiwidan 100 qiwigacha
Aloqa uchun: @dangerweb yoki xudarganov24@gmail.com
Namunalar: http://masteros.tk/Aloo4.apk va http://masteros.tk/Xabar.apk va http://masteros.tk/paynetuz.apk


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07028 sek. ýüklenen baýt: 33551