Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Edebi çeperçilik keramikasy
Ýazylan wagty: 16 мая 2019 Ýazan Mayichka
Edebi çeperçilik keramikasy
13-nji asyryň ýüz ýyllygynda Demirgazyk Horasanda küýzegärçilik işiniň
örän pese çökenligi bellenipdir. Orta asyr Änew galasynyň gap-gaç kompleksini
agyr sany, gödek formasy, hili pes köpürjikli, reňki boýunça bulanyk reňkiniň
öwüsişi bilen häsiýetlendirýär. 13-14 asyrlarda demirgazyk Horasan keramikasy
üçin gara reňk bilen bulanyk ak ýa-da gök syrça bilen çekmeklik häsiýetlidir.
Eýranyň ýokary galyş döwrüni başdan geçirýän keramika sungaty 14-nji asyrda
Prikaspiý raýonlary boýunça Dahistanyň küýzegärçilige aralaşyp başlapdyr.
Misrian şäherçesinde ýakylanda bişen hili bozulan önümlerleriň bölekleri
tapylypdyr, olar aýdylyşyna görä, Sultanabat tipine degişli hasaplanýar.
Küýzegärçilik sungatynyň örän ýokary ösýän döwrüni Horezmiň çeperçilik
keramika sungaty başdan geçirýän ekeni, onuň öndürilişiniň baş merkezi diýlip
Ürgenç hasaplanypdyr. Bu ýerde ştamplaşdyrylan syrçasyz gaplar ep-esli orun
tutupdyr. Önümçilik usuly, öňküsi ýaly matrisalar – galyplar ulanmakdan ybarat
bolupdyr. Ýöne gaplar nagyşlara indi örän garyplaşypdyr.
Olarda mowzuklara laýyk eýýam ýitiş ýagdaýynda ýetip ýakynlapdyr we
nagyşlara ymtylyş çäkli ýagdaýda hökmürowanlyk edipdir. Guýlup ýasalýan
keramika nagşa baýlygy edebi çeperçilik bilen nagyşlary tapyşy we usullary
ulanylyşy boýunça bu ýerde aýratyn “Ürgenç stiliniň” işlenip düzülendigi hakynda
aýtmaga mümkinçilik berýär. Bu gaplar we käseler we bokurdagy giň gaplar aşak
göwrüsinde daralýan, diňe bir myhmanlary kabul edende, toý dabaralarda
ulanylmak bilen çäklenmän, eýsem-de bolsa kasamon tekçelerini bezemäge hem
ulanylypdyr, bular Ibn – Battutyň şaýatlyk etmegine görä.
Okalan sany: 89   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
16 мая 2019

Frizlerde we başga görnüşlerinde ritual prosesli mowzuklar, tenslar tutýar. Oňa gatnaşyjylar erkekleriň we olaryň tanslaryň we sazçylaryň satirikleriň mollalaryň dürli – dürliligi geň galdyrýar. Frizli kompozisiýalaryň gurban edýän sahnalaryna başga şekil hem häsiýetli. Bu ýerde kä geçini tutup süýräp altaryň öňünde geýinip duran mallaryň öňüne getirýär şatlykly oglanjyklary, kä gurban etjek haýwany saz bilen äkidip barýan deri geýýän ýaş ýigitleri, kä-te läşi dolap berýän ýalaňaç erkekleri – haýsydyr bir rehimsiz oýnuň gatnaşyjylaryny görmek bolýar.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07194 sek. ýüklenen baýt: 31445