Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Türkmenistanyň binagärlik sungaty
Ýazylan wagty: 16 мая 2019 Ýazan Mayichka
Türkmenistanyň binagärlik sungaty
Köneürgenç kuwwatly döwlet hökmünde, Kuşanlar (I asyr – III asyryň başy)
döwründe-de, Sasanylar döwründe-de (III-VII asyrlar) 712-nji ýyla – arap
basybalyşlaryna çenli öz garaşsyzlygyny saklap galýar. Şäher medeniýetiniň
ornuna ekerançylyk medeniýeti gelýär we jemgyýetçilik gurluşynyň merkeziniň
oba ýerine geçmegine itergi beren täze durmuş-ykdysady gatnaşyklar emele gelýär.
Şäheriň we medeniýetiniň birinjiligi öz ornuny oba urug-taýpa ýaşaýşyna beripdir.
Etrabyň – jülgäniň ilatlaşyşynyň umumy häsiýeti aýry duran galalar
görnüşinde bolupdyr. Köşgüň, adatça, derweze öňündäki diňden aşak göýberilýän
asma köprüjikli girelgeli beýik esasy bolupdyr. Birinji diwaryň çäklerinde maşgala
agzalarynyň ýaşaýan otaglary ýerleşipdir, üçünji diwar bolsa hojalyk howlusyny
gurşap alypdyr.
Ýazuw çeşmeleri şeýle görnüşli berkidilen köşkleriň bolandygyna şaýatlyk
edýärler. Al-Biruny Afriganyň – Köneürgençşalarynyň nesliniň düýbüni tutujynyň
köşgüni şeýle ýazyp beýan edýär: “Öz galasyny al-Firiň içinde gurdurdy. Bu al-Fir
Kät şäheriniň çetinde ýerleşen, biri-biriniň içinde gurlan üç berkitmeli, palçykdan
we çig kerpiçden bina edilen galady. Olar beýiklik babatda biri-biriniň yzynda
ýerleşýärdi, gurluşyklaryň ählisinden beýigi şalaryň köşkleridi… ony 993-nji ýylda
Jeýhun (Amyderýa) derýasy böleklere böldi we weýran etdi”.
995-nji ýylda Köneürgenç paýtagta öwrülýär. Şäher soňlugy bilen diňe bir
dolandyryş merkezi bolman, eýsem alymlaryň jemlenen ýerine öwrülýär.
Merkezleşdirilen döwlet şäher gurluşyk işine itergi beripdir. Şäherlikleriň sany
artypdyr, olaryň çäkleriniň giňelmegi bilen meýilnamasam üýtgäpdir. VI asyryň
başynda bu ýerde giň şäher etekli-rustakly we söwda-senetçilik ýerleri bolan irki
orta asyr nusgaly galalar-mülkleri bolupdyr. Oranaşyşyň şeýle görnüşi jülgeleýin
ornaşyşyň döreýşidir. Omuň merkezi bolup güýçli berkidilen mülkler hyzmat
edipdir. Şol döwürde Köneürgenjiň ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň we ylmynyň
ösmegine ep-esli derejede onuň şäherleriniň Powolžýäni Horasan, Halyflygyň
merkezi we günorta welaýatlary bilen birleşdirýän söwda ýollarynyň ugrunda
ýerleşmegi itergi beripdir. Söwda, däp bolan oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň
düýçli depginde ösdürilmegi bilen bir hatarda, senetçiligiň ösmegine (küýze
önümçiligi, ýarag (ok-ýaý) ýasamak, mata, deri, haly önümlerini, geýim
öndürmek) we şäherleriň giňelmegine itergi beripdir. Şonuň üçinem, şol döwürde
taryhçy Nerşahy şäherleriň baýlygynyň ösmeginiň diňe bir ekerançylygyň
hasabyna däl, söwdanyň hasabyna-da bolandygyny nygtaýar.
Okalan sany: 75   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
16 мая 2019

Günbatar Türkmenistanyň beýleki ýerlerden geografiki aýrybaşgalygyna garamazdan, onda şäherleriň, şäher ýaşaýyş durmuşynyň ösüşi we obalaryň ulgamynyň emele gelşi sebitde bolup geçýän umumy ýagdaýlar bilen umumy arabaglanşykda amala aşyrylypdyr. IX asyryň başyna hojalygyň dikeldilişi başlanypdyr, gurluşyk işi janlanypdyr, uzyn goranyş diwarlaryny gurmak zerurlygy (ikibaşda Gürgen derýasyndan Hazar deňzine çenli bişen kerpiçden diwar galdyrylypdyr; soňra Mazendaranyň çeti boýunça deňizden daglara çenli diwar gurlupdyr) aradan aýrylypdyr, sebäbi goranyş wezipelerini jülgäniň çöl bilen araçäginde gurlan goranyş desgalary – ribatlar ýerine ýetirip başlapdyr. Şeýleik bilen Dehistan, Paraw ribatlary ýüze çykypdyr we arap häkimi (dikmesi) Abdylla ibn Tahyryň dolandyran döwründe beýleki ribatlar ýüze çyklypdyr. Şoňlugy bilen bu ribatlar kerwen ýollarynda iri söwda-ykdysady wezipeleri ýerine ýetirýän orta asyr şäherlerine öwrülipdir.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05606 sek. ýüklenen baýt: 33066