Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
ÇAKYŇY BILMESEŇ...
Ýazylan wagty: 21 мая 2019 Ýazan Mayichka
ÇAKYŇY BILMESEŇ...
Bu waka ýigriminji asyryň başlarynda Manhetteniň küşt klubunda bolup geçýär. Küştden çala başy çykýan Malli diýen biri kluba gün sypdyrman gatnaýan eken. Körzehin bolansoň, ol ähli garşydaşyndan utulypdyr.
Küştçi halkam näme, degişgen. Olara-da henek gerek. Günlerde bir gün küştçiler üýşüpdirler-de: «Geliň, nobatdaky ýaryşda barymyz Malliden utulyp göreliň! Şonda ol näderkä?« diýşip, dil birikdiripdirler.
Olar aýdyşlary ýalam edipdirler. Şeýlelikde, ähli oýunda ýeňiş gazanan Malli klubuň çempiony bolupdyr. Muňa ol gabarylyp, ulumsylyk edip başlapdyr.
Küştçülere-de geregi şol. Olar şundan soň ozalkydanam beter tomaşa oýlap tapypdyrlar. Güýçli küştçüler Malliden ýene bassyr iki sapar utulypdyrlar.
Şeýlelikde, öwrenje Malli klubuň üç gezek çempiony bolupdyr. Muňa ozalkysyndan-da beter temegini göge tutupdyr. Ol indi dünýäniň küşt täjine dalaş edermen bolupdyr.
Malli birbada üç sany meşhur küştçini—Alehini, Kapablankany, Laskeri başa-baş duşuşyga çagyrypdyr. Elbet-de, Mallä hiç hili jogap gelmändir.
Geň zat, ýöne şu wakadan soň onuň küşt klubunda garasy görünmändir. Ýa-ha klubda oňa taý tapylmandyr, ýa-da oňa çakyny duýduran tapylypdyr.
Okalan sany: 20   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,11566 sek. ýüklenen baýt: 29381