Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Agyz boşlugynyň indiwidual gigiýenasy
Ýazylan wagty: 21 мая 2019 Ýazan Mayichka
Agyz boşlugynyň indiwidual gigiýenasy
Her bir adam saglygy saklamagyň esasy ýoly bolan keseliň döremeginiň öňüni almaklygyň wajypdygyny bilýär.
Stomatologiki keselleriň öňüni almakda çalşyp bolmaýan komponent hemme ýaşda stomatologiki sagdynlygy ýokarlandyryjy – bu agyz boşlugynyň gigiýenasydyr.
Indiwidual gigiýena dürli gigiýeniki serişdeleriň kömegi bilen näsaglaryň diş etleriniň we dişleriniň ýüzünden diş çökündilerini yhlasly we yzygiderli aýyrmaklygy göz öňünde tutýar.
Häzirki wagtda dişi arassalamagyň birnäçe usullary bar. Olaryň biri hem dişleri arassalamakda G.N.Pahomowyň hödürlän standart usulydyr. Bu usul bilen dişler arassalananda arassalamagy ýokarky sag çeýneýji dişlerden başlap segmentme-segment geçmeli. Aşaky äňde hem dişleri arassalamagy ýokarky äňdäki tertipde geçmeli. Molýarlaryň we premolýarlaryň oral we westibulýar taraplaryny arassalamak üçin diş etinden dişe tarap hereket we öňe-yza hereket bilen arassalamaly. Dişiň çeýneýji üsti diş çotgasynyň keseleýin hereketi bilen arassalamaly. Dişleri arassalamagy aýlawly hereket bilen tamamlamaly.
Dişleri arassalamak üçin ulanylýan esasy gural diş çotgasydyr.
Hemme diş çotgalary üç bölekden: kellejikden, boýunjykdan we tutawaçdan ybaratdyr. Kellejikde tebigy ýa-da emeli tüýjagazlar ýerleşýär. Bu tüýjagazlaryň hasabyna diş çotgalary örän gaty, gaty, orta, ýumşak we örän ýumşak toparlara bölünýär. Adaty düzgün boýunça orta gatylykly, gaty we örän gaty tüýjagazly diş çotgalaryny protezleri arassalamak üçin, ýumşak tüýjagazly çotgalar bolsa ýokary duýujylygy bolan dişleri arassalamak üçin ulanmaklyk maslahat berilýär. Esasy bellemeli zat – çagalar üçin ulanylýan diş çotgalary ulular üçin ulanylýan diş çotgalaryndan düýpli tapawutlanýar.
Birinjiden, kellejiginiň ölçegi boýunça: çagalar üçin niýetlenen diş çotgalarynyň işçi böleginiň uzynlygy 18-25 mm, ini 7-9 mm, ulular üçin çotgalar.
Okalan sany: 67   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
21 мая 2019

Ýörite bellenen çotgalar çagalara-da, uly ýaşlylara-da we ýetginjeklere-de ulanmaga hyzmat edip bilýär. Bu topara degişli çotgalar öz gezeginde alty sany aşaky toparlara bölünýär: Ortopediki diş çotgalary; bular dişleriňde ortopediki we ýokary derejede ortodontiki gurnamalary bolan näsaglar üçin niýetlenen. Aýratyn-da bu topar çotgalar Engliň ýaýyny, breket ulgamyny ulanýan näsaglara zerurdyr. Bir desseli diş çotgalary; bularda ýumşak tüýjagazlar diş çotganyň inçelýän ýerine ýeke-täk dessejik bolup gutarýar. Bu diş çotgalary esasan ortopediki we ortodontiki gurnamalary bolan dişleri arassalamak üçin niýetlenen. Az dessejikli diş çotgalary; düzgün boýunça şeýle çotgalaryň kellejiginde tüýjagazlaryň ýedi dessesi: alty dessesi aýlaw görnüşde we bir dessesi merkezde ýerleşýär. Merkezi dessejikdäki tüýjagazlar düzgün boýunça birneme uzynrak, galanlary bolsa burçundan merkeze tarap ýokary galýan görnüşde ýerleşýär. Bu diş çotgalaryny esasy ortodontiki gurnamalary, äňleriň döwüginde ulanylýan çekdirijileri, metalkeramiki we implantatlary saklaýan dişleri arassalamak üçin ulanylýar. “silkus” diş çotgalary – bu diş çotgalarynyň uzyn insiz kellejigi bolup, kellejiginiň uzynlygy adaty diş çotganyň kellejiginiň uzynlygy bilen deňdir. Onuň kellejiginiň üst ýüzünde tüýjagazlaryň desseleriniň iki uzyn hatary ýerleşýär. Bu diş çotgalaryny, gür ýerleşýän dişlerde iýmit galyndylaryny aýyrmak üçin, diş daşlary bolan dişleri, ýekeleýin koronkaly, implantatly we dürli ortopediki we ortodontiki gurnamalary bolan dişleri arassalamaga niýetlenen;


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,14589 sek. ýüklenen baýt: 33278