Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Dürli geologiki meseleleri çözmekde seýsmiki barlagynyň ulanylşy
Ýazylan wagty: 24 мая 2019 Ýazan Mayichka
Dürli geologiki meseleleri çözmekde seýsmiki
barlagynyň ulanylşy
Seýsmiki barlagyň usullary esasan gurluşly
geologiýanyň meselelerini çözmek üçin ulanylýar. Esasan
seýsmiki barlagy kesgitli gurluşy bolan peýdaly gazylyp
alynýan baýlyklaryň ýatagyny gözlemekde we barlamakda
ulanylýar. Şunuň ýaly peýdaly gazylyp alynýanlara ilki bilen
nebit we tebigy gazy degişlidir, şonuň üçin seýsmiki barlagy
nebit we gaz geologiýasynyň meseleleri çözülende has
aktualdyr. Bu usullary şeýle hem ýer gabygynyň regional
aýratynlyklaryny öwrenmekde ulanylýar, inžener-geologik we
magdan meselelerini çözmek üçin gerekdir.
Ýer gabygynyň geologiki gurluşyny öwrenmekde dürli
usullaryň toplanyp ulanylşy, hususanda dürli geofiziki
usullaryň toplanmagy uly baha eýedir. Seýsmiki barlagyň
ýokary çykdajylygyny göz öňüne tutup, ony diňe beýleki
geofiziki usullaryň ýeterlik derejede dogry maglumat berip
bilmedik ýagdaýynda ulanmalydyr. Köp ýagdaýlarda seýsmiki
barlagyň maglumatlary beýleki geofiziki usullaryň
maglumatlaryny kesgitlemekde daýanç bolup hyzmat edip
biler.
Okalan sany: 70   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
24 мая 2019

Seýsmiki barlagy iň bir çalt depginler bilen ösýän we awtomatizirlenen geofiziki barlagy usulydyr. Onuň netijelerini geologiki taýdan teswirlemekligi has giň gerimde diňe çylşyrymly özgertmeler we hasaplamalardan soň ýerine ýetirip bolýar, olary bolsa çylşyrymly elektron hasaplaýjysy maşynlar ýerine ýetirýärler. Seýsmiki barlag usuly kör sanly beýleki meseleleri jikme-jik we takyk çözmegi başarýandyr. Bu usulda ýörite partlama, urgy ýa-da generatorlaryň döretmegindäki maýyşgak tolkunlaryň meýdan boýunça ýaýramagyna öwrenilýär. Onuň tebigy görnüşi ýer titremelerdir, ony öwrenýän ylma seýsmologiýa diýilýär. Her bir jisim güýç täsirinde özüniň göwrümini we şekilini üýtgedip, güýç täsiri aýrylandan soňra, öz durkyna gelmegine - maýyşgaklyk diýilýär


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07006 sek. ýüklenen baýt: 31390