Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Ýerüsti süýji suwlaryň ekologiýasy
Ýazylan wagty: 24 мая 2019 Ýazan Mayichka
Ýerüsti süýji suwlaryň ekologiýasy
Açyk howdanlardaky suwlar, ösümlikden we haýwandan
emele gelen dürli görnüşli organizimler (gidrobiont) ýaşaýan
tebigy gurşawy özünde jemleýär. Gidrobiontlar düzümi fiziki,
himiki we biologiki ýagdaýlara şertlenen biosenozy emele
getirýär.
Ýerüsti suwlar şulara: akýan (derýalar) we duran (köller, suw
saklanýan howdanlar) bölünýär. Köllerdäki suwlaryň ýerini
üýtgetmegi we garylmagy ýelleriň täsir etmegi esasynda
kesgitlenilýär. Suw howdanlarynda zonalar düzgüni boýunça
tapawutlanýarlar: gidrologiki derýa ýakyn (ýökarky) we kölli
(böwede golaý). Howdanda çylşyrymly biologiki birleşmede
ýaşaýan biosenoz iki sany esasy: planktony we bentosy
tapawutlandyrýar.
 Plankton – suw gatlagynda ýerleşen organizmleriň
jemi.
 Bentos – howdanyň düýbünde, daşlaryň we
ösümlikleriň üstünde ýerleşen organizmleriň jemi.
 Ýokary suw ösümligi (makrofit) – howdanyň ekologiki
ulgamyny düzýän bölegidir. Bulara rdestler, elodeýalar,
rogolistler, ýüzýän ýapraklar, trostnikler, rogozlar we
gamyşlar degişlidirler.
 Tebigy arassalanmaklyk – bu himiki, fiziki-himiki we
biohimiki hadysalarda özara baglanşan çylşyrymly
toplum. Mysal üçin duzuň, demiriň we alýuminiýniň
gidrolizi bu metallaryň gidroksidleriniň emele
gelmegine ýardam berýär. Howdanlardaky suwlaryň
neýtrallaşmak ukyby hapalanan turşy we aşgarly
çökündileri arassalamakda peýdalanylýar.
Tebigy suwlaryň aşgarly birleşmeleri – bikorbonatlar
we korbonatlar
kislotalary bitarplaşdyrmaga gatnaşýarlar.
Maddalaryň tebigy arassalanmagyň fiziki-himiki
ýagdaýlaryna – siňdirmek.
Okalan sany: 32   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
24 мая 2019

Suwuň minerallaşmak hadysasy howdanlarda ýyl geldigiçe güýç alýar. Sebäbi howdanlarda makrofitler gatnaşýar. Makrofitleriň köpelmegi organizmleriň mineralaşmagynyň dürlüligi bilen kesgitlenilýär. Biohimiki organiki bölüşmeler makrofitleriň aerobno hadysasyna kömek edýär, onuň esasy sebäbi suwa örän köp mukdarda kislorodlaryň bölünip çykarylmagydyr.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07244 sek. ýüklenen baýt: 30901