Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Suw baýlyklaryny düzgüne salmak
Ýazylan wagty: 24 мая 2019 Ýazan Mayichka
Suw baýlyklaryny düzgüne salmak
Suw hojalygynyň dolanşygynyň çözgüdini suw resursynyň
ätiýaçlygyny we sarp edijileriň isleglerine laýyklykda
deňeşdirmek esasynda çözülýär. Köp taraplaýyn emele gelen
hadysalary analiz bermek we suw baýlyklarynyň sarp edijileriň
garaşylýan tertibini ylmy tarapdan meýilnama esasynda
paýlamak suw hojalygynyň balansyny düzmekde ulanylýar. Bu
maksat bilen suw hojalygynyň balansyny göz öňüne tutulýan
basseýin üçin tebigy ýagýan ygal bilen ýerüsti we ýerasty
akymlaryň hem-de bugarmaň we çyglylygyň ösümliklerden
emele gelşiniň gatnaşyklary bilen ulanylýar.
Suw balansy düzülende aşakdaky düzüjiler bilen
kesgitlenilýär:
 Ýerasty we ýerüsti suwlaryň mukdaryna we hiline;
 Suw sarp edijileriň suwy ulanmaklary we hemişelik
yzyna gaýdyp gelmeýän ýitgileriň möçberi;
 Tebigy şertlerdäki suwuň göwrümi we akymy
dolandyrmak esasynda gecirilýän işler;
 Seredilýän meýdançaň çäginde ulanyljak akymyň
göwrümi.
Okalan sany: 66   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
24 мая 2019

Suw hojalygynyň balansynyň hasabatynda suw baýlyklarynyň ulanşygynda ýetiren derejeler we suw ulanşygynyň ösmeginiň tendensiýasyny seljermek işleri hemde suw hojalyk sistemasynyň işleýşiniň effektine baha bermek görkezilýär. Gysga wagtlaýyn suw hojalygynyň balansy şol ýyl üçin garaşylýan suw baýlyklarynyň tygşytly paýlanmagy işläp düzülýär. Öz gezeginde halk hojalygynyň ösmegini suw hojalygynyň balansynda meýilleşdirilýär. Halk hojalygynyň ösmeginiň şertlerine baglylykda suw hojalygynyň geljeginiň balansy düzülýär. Suw hojalygynyň jemleýji balansynda suw üpjünçiliginiň amatsyz taraplary görkezilmek bilen 25 – 30 ýyl döwür üçin düzülýär.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05548 sek. ýüklenen baýt: 30922