Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Günüň energiýasy
Ýazylan wagty: 24 мая 2019 Ýazan Mayichka
Günüň energiýasy
Günüň energiýasy Biziň planetamyzda ýaşaýşyň
çeşmesi bolup durýär. Gün atmosferany we Ýeriň üstüni
gyzdyrýär. Gün energiýasynyň hasabyna şemal döreýär,
tebigatda suwuň aýlawy amala aşyrylýar, deňizler we
ummanlar gyzýar, ösümlikler ösýär. Gün energiýasy ýylylyga
we sowuga, hereketlendiriji güýje we elektrik toguna
öwrülýär.
Gün radiasiýasynyň paýlanylyşy.
Gün radiasiýasy – bu esasan 0,28...3,0 mkm tolkun
uzynlygyň araçäginde jemlenen elektromagnit şöhlelenme.
Gün spektri indikiden durýar:
- biziň gözümize görünmeýän 0,28...0,38 mkm tolkun
uzynlykly ultramelewşe;
- 0,38...0,78mkm araçäkde ýagtylyk şöhleleri;
- 0,78...0,3mkm tolkun uzynlykda infragyzyl şöhleleri.
Spektriň galan bölekleri Ýeriň ýylylyk balansynda
uzypsyz orny tutýar.
Ýeriň üstüne düşýän gün energiýasynyň mukdary

Günüň hereketiniň netijesinde üýtgeýär. Adatça günortan Ýere
düşýän gün energiýasy irkiden we giç agşamdan köp.
Günortan Gün gorizontdan ýokarda ýerleşýär we Ýeriň
atmosferasy arkaly Gün şöhleleriniň geçýän ýolunyň uzynlygy gysgalýar.
Okalan sany: 83   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
24 мая 2019

Degişlilikde, gün şöhlesi az dargaýar we siňdirilýär, diýmek üste köp düşýär. Gün energiýanyň uly mukdaryny şöhlelendirýär – takmyny 1,1x1020kWt.sag sekunda. Kilowatt.sag – bu 100watt kuwwatlykly nakal çyrasynyň 10 sagadyň dowamynda işlemegi üçin zerur bolan energiýanyň mukdary. Ýeriň atmosferasynyň daşky gatlaklary ýylda Gün energiýasynyň şöhlelendirýän energiýasynyň takmyny 1,5x1018 kWt.sag tutup galýar, emma gün şöhlesiniň serpikmegi, dargamagy we atmosfera gazlarynda siňdirilmegi netijesinde, ähli energiýanyň diňe 47% Ýeriň üstüne gelýär.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05858 sek. ýüklenen baýt: 30723