Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
SYRLY SELMELEK
Ýazylan wagty: 24 мая 2019 Ýazan NEXTTM


SYRLY    SELMELEK

Mandragora halk arasynda Selmelek ýa-da Mährigöýä diýlip atlandyrylýar. Adamyň keşbini göz öňüne getirýän başga ösümligi tapmak ýeňil däl. Bürünç eýýamyndan bäri bäş müň ýyl mundan öň Mandragoranyň adamzadyň durmuşynda uly ähmiýeti bolupdyr.

Ösümlik dünýäsi bilen gyzyklanýan alymlara, botaniklere bu ösümligiň birnäçe görnüşleriniň Hytaýda, Italiýada, Ýakyn Gündogarda, Marokkoda, Portugaliýada, Siriýada, Palestinada duş gelýändigi bellidir. Dürli ýerlerde duş gelýän Mandragora ösümliginiň özara ýeterlik meňzeşliginiň bolşy ýaly, esasan ölçeginde, gülleýän wagtynda we beýleki alamatlarynda aýratynlyklary hem bar.

Günbatar Köpetdagyň üýtgeşik tebigaty bolup, onda Türkmenistanyň we Merkezi Aziyanyň başga ýerlerinde duşmaýan ösümlikleriň we haýwanlaryň seýrek görnüşleri gabat gelýär. 1938-nji ýylda häzirki Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň çäklerinde ýerleşýän özüniň ajaýyp tebigaty, dürli görnüşli haýwanat dünýäsi bilen aýratyn tapawutlanýan günorta-günbatar Köpetdagyň gerişlerinde, eňňitlerinde ýagny Magtymguly etrabyna degişli Altybaýda, Sarymsaklyda, Galalygözde, Beýliderede, Garasuwda, Şeplide we başga-da birnäçe ýerlerde üç müň ýyl ýaşap gelen örän täsin hem-de gadymy ösümlik bolan mandragoranyň tükmen görnüşi, ýagny türkmen selmeleginiň üsti açylýar. Bu üýtgeşik açyş Magtymguly etrabynda ýerleşýän Türkmen tejribe stansiýasynyň şol wagtky müdiri O.F.Mizgirýowa degişlidir. Häzir goraghanada gymmatly ösümlik bolan türkmen selmeleginiň 400-e golaý düýbi saklanylýar.

Türkmen selmelegi mandragoranyň öňden belli bolan beýleki görnüşlerinden miweleriniň we ýapraklarynyň ululygy, beýleki käbir alamatlary bilen tapawutlanýar. Ösümlik köpýyllyk, baldaksyz, ýeriň ýokary gatlagynda ösýär, ýapraklarynyň uzynlygy 50-55 santimetre, medeni ýagdaýda 55-60 santimetre, sany bolsa 21-e çenli bolup bilýän täsin ösümlikdir. Selmelegiň owadan, ýygy ýerleşen ýapraklary esasynda onuň ýaşyny kesgitläp bolýar. Onuň biologiki aýratynlygy: beýleki ösümlikler ösüşini bes edende türkmen selmelegi gögerip çykýar, beýleki ösümlikler guranda, ol gülleýär. Güýz aýlary howa ygally gelende sentýabr, oktýabr aýlarynda gögerip çykýar, fewral, mart aýlarynda gülleýär, aprel, maý aýlarynda miweleýär, iýun aýynyň 20-ne selmelek doly bişip ýetişýär, bişen sarymtyl miwesinden zamçanyň ysyna meňzeş ýakymly ys gelýär, gülüniň reňki açyk melewşe, mämişi reňkdir. Ösümligiň ýerasty böleginiň köküniň agramy 5 kg. barabardyr.

Türkmen selmelegi endemiki ösümlikdir. Bu täsin ösümligiň ýaýraýşy çäkli. Türmenistanda diňe Sünt-Hasardagyň gerişlerinden başga ýerde miwe bermeýär. Söýgi almasy, mährigöýä atlary bilen tanalýan türkmen selmelegi (mandragora) özüniň dermanlyk häsiýeti bilen tapawutlanýar, dünýä ýüzünde bar bolan dört görnüşiniň iň ähmiýetlisidir. Bu ösümlik Türkmenistanyň Gyzyl Kitabyna girizildi.

Okalan sany: 26   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07876 sek. ýüklenen baýt: 32307