Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Mukkadesligiñ Baýramy!
Ýazylan wagty: 24 мая 2019 Ýazan NEXTTM

Mukkadesligiñ Baýramy!

Hormatly Prezidentimiziñ başda durmagy bilen Berkarar Döwletimiziñ, bagtyýarlyk döwründe halkymyz agzybirlik bilen her bir şanly senäni toý baýramyna besleýär. Türkmenistanyñ Baş Kanuny- Türkmenistanyñ Konstitusiýasynyñ kabul edilen gününiñ buýsanjyna ýene bir buýsanç goşup, Ýaşyl Baýdagymyzyñ gününiñ bellenmegi bilen toý-baýramynyñ şatlyk, dabarasy ýurdumyzyñ ähli künjegine ýaýraýar.Bu baýramçylyklarynyñ ikisiniñ bir günde bellenmeginiñ sebäbi onuñ many-mazmun taýdan halkymyzyñ jebisliginiñ we agzybirliginiñ, bagtyýarlygynyñ hem-de ýurdumyzyñ berkararlygynyñ subutnamasy bolmagydyr.

Hormatly Prezidentimiz: «Bu gün halkymyz Türkmenistanyñ Konstitusiýasynda kesgitlenen hukuklaryna daýanýar»-diýip belleýär. Raýat hökmünde hukuklaryñ deñligi her bir adamyñ ýüreginde uly buýsanç dredýär. Halkymyz özüne berlen raýatlyk hukuklaryndan peýdalanyp ýurdumyzyñ dünýä derejesinde ösen döwletleriñ hataryna goşulmagy üçin jan aýaman zahmet çekip, bagtly günleriñ hözirini görýärler. Pederlerimiz halkymyzyñ agzybir, parahat, özbaşdak döwletde erkana ýaşamagyny arzuw edip bize miras goýan Watançylyk ruhynyñ esasynda döredilen Bagt Kanunymyz Konstitusiýamyz çuññur many-mazmuna eýedir. Adamzat paýhasynyñ genji-hazynasy, halkymyzyñ milli we ruhy kämilligi hasaplanylýan ynsan, päklik, erkinlik, adalatlylyk ýaly milli gymmatlyklarymyz baş Kanunymyzyñ many-mazmunynda jemlenýär.

Ýer ýüzünde beýik Ýenişlerimiziñ hem-de Berkararlygymyzyñ asyl nusgasy bolup belentde parlaýan Ýaşyl Baýdagymyz 1992-nji ýylda döredilendir. Bu hem Türkmenistan döwletimiziñ raýatlarynyñ agzybirliginiñ, jebisliginiñ, watansöýüjiliginiñ we dost-doganlygynyñ ýedebi nyşany hasaplanylýar. Ýaşyl Tugumyzdaky zeýtun şahalary berkligiñ, erkinligiñ alamatydyr.

Okalan sany: 28   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05667 sek. ýüklenen baýt: 30967