Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Derde derman düýe çaly
Ýazylan wagty: 24 мая 2019 Ýazan NEXTTM


Derde derman düýe çaly

Düýe çaly türkmen milli süýt-gatyk önümi bolup, ol düýäniň süýdünden taýýarlanylýar. Onuň taýýarlanşynyň aýratynlyklary (düýäniň ýaşaýan ýeriniň yssylygy we onuň iýýän iýmiti, çalyň turşulygyny kesgitleýär, öndüriliş tehnalogiýasyna we saklanyş şertine täsir edýär), şonuň üçin düýe çalyny diňe Türkmenistanyň çäginde içip, hakyky tagamyny bilip bolýar. Süýde suw garyp taýýarlaýarlar, sebäbi onuň esasy wezipesi suwsuzlygy gandyrmak bolup durýar. Turşamak döwründe onuň üstünde agaran gatlagy emele gelýär, ol bolsa düzümi boýunça täsin tagamly turşy gaýmaga meňzeýär (Ony gaýmak höküminde hem ulanýarlar).

Gadymy döwürlerden bäri bize çalyň peýdaly aýratynlyklary mälimdir. Onuň adam bedenindäki derisine, saça, dyrnaklara we dişlere oňyn täsir edýär. Şol sebäpli, türkmen aýal-gyzlary şol suwa saçlaryny ýuwupdyrlar we gür uzyn saçlary bilen tapawutlanypdyr.

Düýe çaly jana melhem içgi höküminde häzirki wagtda hem uly isleg bildirilip birek-birege hödür edilýän şypaly içgi hasaplanylýar.

Hut şuňa esaslanyp hem türkmen halky «Düýe çaly derde derman» diýýär. 

Okalan sany: 40   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06870 sek. ýüklenen baýt: 30298