Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Milli guwanjymyz
Ýazylan wagty: 24 мая 2019 Ýazan NEXTTM


Milli guwanjymyz

Türkmen gelin-gyzlarynyň asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli däp-dessurlarydyr, keçedir egin-eşikleriň ýakalaryna salýan dürli görnüşli nagyşlary, haly-palas işleri we haly önümleri bu gün sungat derejesine göterilip has-da döwrebaplaşdyrylýar. Esasanda haly we haly önümlerini taýýarlamak, dokamak we dünýä bazarlaryna çykarmak işleri döwlet derejesinde ýokary derejede üstünlikleri amala aşyrylmak bilen ýurduň ykdysadyýetiniň has-da ýokarlanmagy hem-de gelin-gyzlaryň dürli öwüşgünleri bu ajaýyp el işleriniň dünýä halklarynyň arasynda giňden ýaýrap, hojalyklaryň törlerini bezemeklerine giň ýol açýar. Şeýle bolansoň ýurdumyzyň halyçylyk härhanalarynda we bu ugurdaky beýleki önümçilik pudaklarynda zähmetkeşleriň, gelin-gyzlaryň yhlasly işlemäge, zähmet çekmäge, dynç almaga ähli mümkinçilikler, amatlyklar döredilýär. Täze kärhanalar açylyp ulanylmaga berilýär.

Balkan welaýatynyň Bereket çeper halyçylyk kärhanasynda hem türkmeniň milli buýsanjy bolan haly we haly önümlerini öndürmekde hem-de döwlet tarapyndan bellenilen meýilnamalary üstünlikli berjaý etmekde çeper elli halyçylar tarapyndan guwandyryjy netijeler gazanylýar. Kärhanada halyçylar gelin-gyzlaryň öndürjilikli tutanýerli işlemekleri üçin ähli amatlyklar döredilen. Gün-günden halyçylyk otaglarynda halydyr palas önümleri we dokalýan dürli görnüşli halyçalar, torbalar, ussatlyk bilen dokalyp, halkyň islegini has-da artdyrýar. Çeper halyçylyk kärhanasynyň ussat halyçylary haly we haly önümlerini taýýarlamagyň aýlyk, ýyllyk meýilnamalaryny hemişe üstünlikli berjaý etmegi başarýarlar. Gazanylýan ajaýyp zähmet ýeňişlerine kärhananyň tejribeli halyçylary Şatgül Goňurjaýewa, Oguljan Orazmämmedowa, Gülşirin Orazalyýewa we beýleki ussat halyçylar saldamly goşant goşýarlar. Her bir şanly seneleri mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamagy maksat edinen çeper elli halyçy gelin-gyzlar ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän türkmen halysynyň baýramyna hem ýokary zähmet üstünlikleri bilen barýarlar. 

Türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan, gelin-gyzlarymyzyň sünnäläp, inçeden nepis dokaýan haly we haly önümleri bu gün dünýä halklarynyň arasynda uly şöhrata eýe bolup, halkyň milli gymmatlyklary hökmünde bütün äleme şöhle saçýar.

Okalan sany: 14   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08888 sek. ýüklenen baýt: 31291