Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Kenar ýaka woleýbol oýuny täsirli geçdi
Ýazylan wagty: 24 мая 2019 Ýazan NEXTTM
“Kenar ýaka woleýbol oýuny täsirli geçdi”

Sport! Bu biziñ durmuşymyzyñ aýrylmaz bölegine öwürildi, ol özüñe bolan ynamy, dostlugy berkidip, kämillige ýetmek üçin iñ ygtybarly ýollaryñ biridir diýip, Türkmenbaşy şäheriniñ 3-nji sport mekdebiniñ woleýbol boýunça tälimçisi Sapargeldi Meläýew bize şeýle gürrüñleri berdi.

Mälim bolşuna görä, ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, raýatlaryñ beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, döwletiñ ileri tutýan syýasatynyñ biridir. Soñky ýyllaryñ dowamynda sporty ösdürmekde döwletimizde ägirt uly işler edildi. Ýurdumyzyñ ähli etrap-şäherlerinde welaýat merkezlerinde köpçülikleýin sport ýaryşlaryny geçirmek däbe öwrüldi. 

Tolkun atyp duran “Hazar” deñziniñ kenaryny ýakalap oturan Türkmenbaşy şäherinde hem welaýat, döwlet derejesinde sport ýaryşlary yzgyderli geçirilýär. Ýakynda Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky “Tolkun” ýaht klubynda deñiz kenarynda kenar ýaka woleýbol oýny boýunça 2003-2005-nji ýylda doglan oglan-gyzlaryñ arasynda Balkan welaýatynyñ birinjiligini eýelemek ugrunda sport ýaryşy geçirildi. Ýaryşa Türkmenbaşy şäheriniñ 2-nji, 3-nji sport mekdepleriniñ türgenleri, Türkmenbaşy etrabyndan we Balkanabat şäherinden gelen türgenler gatnaşdylar. Sportuñ bu görnüşi boýunça 2019-njy ýylyñ ýanwar aýynda Türkmenbaşy şäheriniñ 3-nji sport mekdebinde gyzlar topary döredilip, tälim bermek ýola goýulyp başlady. Muña garamazdan biziñ türgenlermiz ýaryşa işjeñ gatnaşyp, öñdäki baýrakly orunlara eýe boldular diýip, Sapargeldi sözüni buýsanç bilen dowam etdi.  

Ýaryşa gatnaşan tälimçiler Amangylyç Paýrañowyñ, Mahym Ýüñlibaýewanyñ tälim berýän türgenleri özleriniñ ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Ýagny, gyzlar toparyndan ýaryşa gatnaşan 8 topardan Türkmenbaşy şäheriniñ 3-nji sport mekdebiniñ “Hazar” topary 1-nji ýere, “Deñiz çarlagy” topary 2-nji ýere, “Elken” topar bolsa 3-nji ýere mynasyp boldy. Oglanlar toparyndan Türkmenbaşy şäheriniñ 3-nji sport mekdebiniñ “Tolkun” topary 1-nji ýere, Türkmenbaşy etrabynyñ 1-nji sport mekdebiniñ “Garabogaz” topary 2-nji ýere, Türkmenbaşy şäheriniñ 3-nji sport mekdebiniñ “Kenar” topary 3-nji ýere mynasyp boldular. Ýaryşyñ netijeleri tejribeli emin agzalarynyñ çykaran adalatly çözgütleri bilen kesgitlendi. Ýaryşda öñdäki orunlara mynasyp bolan toparlara hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Geçirlen sport ýaryşyna tomaşa etmäge gelen janköýerleriñ arasynda geljekde sportuñ bu görnüşi bilen meşgullanmak we türgenleşmek üçin ýüz tutanlary hasaba alyndy.
Häzirki wagtda Türkmenbaşy şäher sport we ýaşlar syýasaty bölümi tarapyndan sportuñ dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmeklik dowam etdirilýär. Men hem öz gezegimde ýaş türgenlere we olaryñ tälimçilerine üstünligiñ hemra bolmagyny arzuw edýärin diýip, Sapargeldi sözüniñ soñunda aýtdy.

Biz hem öz gezegimizde üstünlik gazanan ýaş türgenlere berekella diýip geljekgi ýaryşlarda hem uly üstünlikleriñ ýar bolmagyny, ýurdumyzyñ sport abraýynyñ mundan hem ýokary derejelere ýetmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.  


Okalan sany: 33   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07463 sek. ýüklenen baýt: 32657