Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyñ X halkara Gaz kongresi öz işini dowam edýär
Ýazylan wagty: 24 мая 2019 Ýazan NEXTTM
«Türkmenistanyñ X halkara Gaz kongresi öz işini dowam edýär»

Awaza Milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli tamamlanyp barýan «Türkmenistanyñ X halkara Gaz kongresi» barada biziñ okyjylarymyza bu çärä gatnaşyjy Türkmenbaşynyñ NGIZT-nyñ Daşary ykdysady aragatnaşyklar bölüminiñ başlygy Ilmyrat Begjanow şeýle gürrüñ berdi. 

-Begjanowyñ aýtmagyna görä, Türkmenistanyñ X halkara Gaz kongresi Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiñ we Türkmenistanyñ “Türkmengaz” döwlet konserniniñ gurnamagynda 21.05.2019-njy ýylda Awazadaky “Berkarar” myhmanhanasynyñ mejlisler zalynda işe başlady. Kongresiñ açylyş dabarasy myhmanhananyñ öñünde aýdym-sazly çykyşlar bilen başlanyp, ýaşulylaryñ gatnaşmagynda açylyş lentasynyñ kesilmegi bilen dowam etdi. Gaz kongresine 15-den gowrak daşary ýurt döwletleriniñ degişli ministrlikleriniñ wekilleri, 20-den gowrak ýurdumyzdaky daşary ýurt ilçihanalaryñ wekilleri, 200-den gowrak daşary ýurt kompaniýalaryñ, şeýle-de Türkmenistanyñ degişli döwlet we hususy kärhanalaryñ 100-den gowrak hünärmenleri wekilçilik etdiler. Meýilnama laýyklykda, çäre 4 bölümde geçip, diñleýjilere şol ýerde gatnaşýan kompaniýalar tarapyndan gaz we gaz kondensatly känleri işläp geçirmek we çykarmak, tebigy gazy almak, arassalamak, gaýtadan işlemek, tebigy gazdan suwuklandyrlan gazy öndürmek, tebigy we suwuklandyrlan gazy içeri we daşary sarp edijilere ibermek ugrlarynda öz işläp taýýarlamalary hem-de täzelikleri bilen tanyşdyrmalary geçirildi. 

Şeýle Türkmenistanyñ X halkara Gaz kongresi, Türkmenistan tarapyndan ýurdumyzda 2010-njy ýyldan bäri her ýyl geçirilip, şu gün ýagny 22.05.2019-njy ýylda çäräniñ resmi taýdan ýapylyşy meýileşdirilýär. Bu gaz kongresi oña gatnaşyjylara kämilleşmäge hem-de tejribe toplamaga giñ mümkinçilikler döretdi.

Söhbetdeşimiziñ aýtmagyna görä, soñky ýyllarda ýurdumyzyñ nebit-gaz pudagynyñ maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, tebygy baýlyklary gaýtadan işläp, içerki sarp edijiler we eksport üçin önüm öndürmek bilen bir hatarda energoresurlary eksport etmek esasy wezipeleriñ biri bolup, bu ugurdan netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýagny, Türkmenistan dünýäde gazyñ ätiýaçlyk gory boýunça Russiýadan, Eýrandan, Katardan soñ 4-nji orny eýeleýär. Mawy ýangyjyñ gorlaryny tapmak üçin geolog-gözleg işlerini geçirmek, ýangyjy gaýtadan işläp, tebygy galyndylardan arassalamakdan soñra esasy wezipe eksport marşrutlaryny giñeldip, tebigy gazy dünýä bazaryna çykarmak bolup durýar diýip Begjanow belledi. 


Okalan sany: 24   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05841 sek. ýüklenen baýt: 31778