Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
25-NJI MAÝ- AŞGABAT ŞÄHERINIŇ GÜNI.
Ýazylan wagty: 24 мая 2019 Ýazan NEXTTM


25-NJI MAÝ- AŞGABAT ŞÄHERINIŇ GÜNI.

Bu gün toy, bu gün dabara, onuñ sebäbi şäherimiziň günidir.

Aşgabat şäheri... Bu sözüñ manysynyñ yürekleriñ küysegi bolan mähir söygüsi bilen bagly bolmagy-da oña bolan mähir söygüsi bir gez beygeldyär.

Yagny köp adamlar bu şähere “yşk-abat” diyen sözden gelip çykypdyr diyen düşünjäni aydyärlar. Eger şeyle bolsa Aşgabat-aşyklaryñ şäheri diyip at alan bolsa, bu gün şol mähir-söyginiñ mesgeni bolan Aşgabadym gözel goöküni görmäge göz gerek. Onun tarypyny edere sozleriñ şirini-şekeri gerek.

Hawa, Gahryman Arkadagymyzyñ:
-Aşgabady döwrümiziñ nyşany bolan ajayyp şähere öwrüp, çagalarymyza we agtyk-çowluklarymyza miras goymalydyrys-diyen pähim parasatynda ugur alyan Watandaşlarymyz Aşgabat şäheriniñ gülläp-ösmegine özleriniñ mynasyp goşantlaryna goşmaga işeññirlik bilen çemeleşyärler. Cekilen zähmet yerine-de düşyär. Aşgabat şäherimiziñ şaglap yaban şa yollarynyñ, gyrasy ajayyp bikeşde güller bilen bezelipdir. Jana rahatlyk beryän suw çüwdürimleri onuñ gözelligine gözellik goşyar.

 Ak guwlara çalymdaş ak mermer jaylaryñ depesi asman bilen galbaşyan mysaly görenleriñ yüreginde ajayyp guwanjy oyaryar. Yaşyl öwsüp oturan bag-bakjalaryñ jana hoştap howasy şäherimiziñ arassalygy, mähriban Arkadagymyzyñ binagärlik ylhamyndan bina edilen ähli amatlyklary bolan yaşayyş, okuw, medeni hyzmatalar üçin gurulan belent ymaratlar sanardan köp. Paytagtymyzda yaşayan yaşayjylarynyñ, myhmanlarynyñ ählisiniñ yüzinin nury, gözüniñ göreji hiç wagt öçmeyär. Ajayyp döwrümizde berkarar Watanymyzyñ yüregi bolan merjen şäherimiz Aşgabadyñ ynsanyyet bilen tebigatyñ sazlaşygyny özünden janlandyryan behişde mekandygynyñ şayady bolmak nähili bagt. Aşgabat şäherinde myhman bolup gelenler hayrana goyyan, özüniñ kämillik ölçegi boyunça owadan binalary Ginnesin Bütindünya rekordlar kitabyna, girizilmegi buysanjymyzy artdyryar. Aşgabat şäheriniñ gözelligi taydan arassalygy onuñ bu kitaba girmeginiñ esasy görkezijisidir.

Aşgabadyn güni mynasybetli guruljak uly dabara, bayramçylyk hem yene goşa toya öwrülip, mekdep okuwçylarynyñ soñky jan dabarasyny özüne baglayar.



Okalan sany: 10   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07632 sek. ýüklenen baýt: 31899