Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Aşgabatda köçe-ýol hereketleriniň talaplaryna üns güýçlendirilýär
Ýazylan wagty: 24 мая 2019 Ýazan Mekanjan
Aşgabatda köçe-ýol hereketleriniň talaplaryna üns güýçlendirilýär

23-nji maýda Aşgabat şäherini ösdürmäge bagyşlanyp geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ýollary we köçeleri döwrebap ýagdaýa getirmek hem-de täzelerini gurmak boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Ýokary tizlikli häzirki zaman awtomobil ýollary hem gurulýar. Bu ýollar Watanymyzyň ähli sebitlerini birleşdirer, şonuň ýaly-da, goňşy ýurtlara çykmaga mümkinçilik berer.

Şäherlerimizde we obalarymyzda döwrebap köçeler döredilýär. Bu ýollar geljegi nazara alnyp gurulýar. Bularyň gurluşygynda hususy we döwlet awtoulag serişdeleriniň yzygiderli artjakdygy hem göz öňünde tutulýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde köçelerde maşynlaryň sany barha köpelýär, bu bolsa, ýol çyzgytlarynyň çalt sürlüp ýitmegine getirýär. Häkimlikleriň degişli gulluklary bu ýagdaýy hemişe göz öňünde tutmaýarlar. Anyk belgilenen bu çyzgytlar ýollarymyzdaky hereketiň howpsuzlygynyň möhüm şertleriniň biridir.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ulaglar bilen baglanyşykly meseläni dowam edip, şäherleriň çäkleriniň giňelýändigini göz öňünde tutmak bilen, iň täze şäherara we şäher awtobuslarynyň yzygiderli satyn alynýandygyny belledi. Şeýle hem, taksi hökmünde ulanmak üçin ýeňil awtoulaglar satyn alynýar. Bu örän rahat awtoulaglar häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilendir. Olar ýolagçylary şäheriň islendik ýerine çalt we rahat eltmäge mümkinçilik berýär. Biz bu işlerde döwrümiziň şygary bolan «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatdan ugur alýarys diýip hormatly Prezidentimiz belledi.

Ýöne, Aşgabadyň çäklerinde işlemek üçin niýetlenen taksileriň sürüjileriniň girdejä kowalaşyp, paýtagtyň çäklerinden çykýan ýagdaýlary hem köp duş gelýär. Bu bolsa, ýol berilmeli ýagdaý däldir. Çünki, şäheriň daşyndaky gatnawlar we şäherara gatnawlary üçin ýörite awtoulaglar bar. Şeýle bolansoň, hususy taksi hyzmatlaryna isleg hem artýar. Hususy taksi hyzmatlaryny edýän sürüjileriň käbirinde bolsa, köplenç bu işe hukuk berýän ygtyýarnama hem, sürüjilik şahadatnamasy-da, ýolagçy gatnatmak üçin tejribe hem ýok. Bu ýagdaý bolsa, ýollarymyzda howpsuzlygy üpjün etmäge ýaramaz täsir edýär. Şoňa görä-de, Aşgabat şäheriniň häkimligi bu meseläni çözmäge hem üns bermelidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Okalan sany: 24   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08231 sek. ýüklenen baýt: 32569