Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Turkmenleriň durmuşy haly bilen berk baglanyşyklydyr
Ýazylan wagty: 25 мая 2019 Ýazan Mayichka
Eger-de siz türkmen halylaryna üns berip seretseňiz, onda gülleri, kölleri, daglary we guşlaryň aýak yzlaryny görse bolýar: haly önümi dünýäni göz öňünde janlandyrýar.Haly Türkmenislanda iň meşhur geçginli haryt hasap edilýär, ol adamlary birleşdirýär, ysnyşmak, umumylyk wc hyzmatdaşlyk duýgusyny ösdürýär. Türkmen halysy öz gözbaşyny mähriban topragymyzdan alyp gaýdýar - onuň üstünde bitýän ösümliklerden iýmitlenýän goýunlaryň ýüňündcn dokalýar, goýun ýüňleri şu toprakda bitýän ösümliklerden, güllerden we miwelerden alynýan tebigy boýag bilen boýalýar we hala çitilýär. Türkmen halysyndaky keşdeler hem ekin meýdanlary, gülleri, haýwanlary, çaýlary, derýalary, şeýle hem Güni, Aýy we ýyldyzlaryň şekilleri bilen tebigaty şöhlelendirýär. Çak edilişine görä, ilkibaşda haly yssy howada we gurak çöllük we daglyk ýerlerde çarwa öýlerini örtmek we düşeklik üçin döredilen bolmaly. Haly ýokarky görkezilen şertlerden goranmak üçin örän gowy oýlanylyp tapylan serişdedir, şeýle hem olary bir ýerden başga ýere alyp gitmek üçin epläp ýygnamakda örän amatly bolupdyr. Bu bolsa derisini almak üçin gymmatly mallary soýmagyň zerurlygyny aradan aýrandygyny, şol bir waglda olardan ýylyň-ýylyna ýüň alnandygyny aňladýar. Çaganyň dünýä inmeginiň hatyrasyna haly dokalypdyr, soňra ol şol halyda ilkinji ädimlerini ädipdir. Täze gelen gelni haly düşelen hormatly ýerde oturdypdyrlar, haly ýapylan düýä mündüripdirler. Öýlenýän ýigit bolsa haly bilen bezelen öý taýynlapdyr. Çarwa öýleriniň gapysyndan «gapylyk» atlandyrylýan ýörite haly asypdyrlar. Onuň ortarasynda ýylyň dört paslyny we ýaşaýşyň möwrillerini aňladyp, ony dört bölege bölýan çäk bolupdyr. Bu hili halylarda Mekge tarapy görkezýän «mihrab» - metjitlerdäki arka görnüşli tagça şekillendirilipdir, ol bu ýerde gapynyň bardygynyda aňladypdyr. Türkmenler her gün halydan dokalan namazlykda namaz okaýar, aradan çykan adamyň üsti hem haly bilen örtülýär. Adamlar halynyň üstünde oturyp naharlanýarlar, ýatýarlar, atlaryny, düýelerini daşarky täsirlerden goramak maksady bilen, haly bilen örlýärler. Türkmen hojalykdaky esasy haly «maşgala daragty» bolup hyzmat edip, ol tiräniň we maşgalanyň taryhy barada gürrüň berýär. Haly torbalar dürli hili öý goşlaryny, şahsy zallary saklamaga niýetlenilýär.
Turkmenleriň durmuşy haly bilen berk baglanyşyklydyr. Ilki başda daş-töweregindäki dünýä bilen adamlary berk baglanyşdyrýan, ýaşaýyş hajaty bolup hyzmat eden haly ahyr netijede sungata öwrüldi. Onuň kämillige barýan ösüşiniň her bir döwründe öz ussatlary bolupdyr. Turkmen halky haly bilen baglanyşykly däpleri keramat derejesine ýetirip, ony aýawly saklaýar, Halyny diňe aýal-gyzlar dokapdyr, gadymdan gelýän sungat eneden gyza geçipdir. Haly dokalanda wagt, güýç-gaýrat gaýgyrylmaýar, haly dokamak sungaty iň ýokary ruhy gymmatlyga deňelýär. Haly halkyň zähmetiň adyllygyna bolan ynanjynyň şöhlelenmesidir, şol ynanç türkmen medeniýetine dolulygyna siňdirilipdir. Şu günki gün bu medeniýet, bu miras türkmen halkynyň buýsanjydyr. Her ýyl may aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen halysynyň güni bellenilip geçilýär, onda baýram edilýär we bu sungatyň waspy ýetirilýär.
Okalan sany: 25   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
25 мая 2019

«Türkmenhaly» önümçilik birleşigi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde 2019-njy ýylyň 26-njy maýynda Türkmen halysynyň milli baýramy mynasybetli «Dünýäniň bezegi türkmen halysy» atly halkara sergini geçirýär. Guraýjy topar haly we haly önümleri bilen gyzyklanýan adamlary, Türkmenistanyň myhmanlaryny we ýaşaýjylaryny halkara sergini görmäge çagyrýar.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05050 sek. ýüklenen baýt: 32533