Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Epigenez
Ýazylan wagty: 25 мая 2019 Ýazan Mayichka
E P I G E N E Z

Çökündi jynslar döränden tä tozama ýa-da metamorfiki jynslara öwrülýänçä üýtgemek hadysalar toplumyna epigenez diýilýär. Epigeneziň netijesinde jynslaryň gurluşy täzelenýär, bir minerallar dargasa, beýlekisi döreýär. Diagenezden tapawutlylykda epigenez daşky güçleriň täsiri bilen jynsa täsirini ýetirýär. Epigeneziň esasy faktorlary – üstki ýerleşen gatlailaryň basyşy, olaryň aşak çuňlaşmagy bilen baglylykly temperaturanyň ýokary galmagy, dagyň emele gelmegi bilen baglylykdaky ýagdaýlar,çökündi jynslarda hereket edýän ýer astyndaky suwlardyr.
Epigenez heme ýerde diýen ýaly platformalarda, şonuň ýaly-da geosinklinal oblastlarda döräp bilýär. Çökündi dag jynslaryň galyňlygy epigenezde dürli hili bolup biler, ýagny birinji ýüz metrden 2-4 km çenli diýen ýaly. Onuň çuňlugynyň ýerleşişine görä we hemde gönüden-göni buraw buýylarynyň ölçegine görä epigenetik üýtgemeler 30-50 den 150-200oC aralyga çenli temperatura we 100 – 200 den 1500 – 2000 atmosfera aralykda basyşda bolup geçýär.
Dag jynslarynyň çuňlukda ýerleşişine görä autogen minerallaryň döreýşini uly gatlaklary häsýetlendirilýän kesiginde epigenetiki yzgiderligi görünýär. Epigenetik üýtgeýişiň ýygylygyna baglylykda birnäçe özboluşly hadysa bolup geçýär: 1) başlangyç epigenez, 2) çuňlukdaky epigenez we 3) metagenez hadysalary. Bu hadysalaryň her-haýsynyň özboluşly mineral emele gelişi bardyr, olar bir tarapdan epigeneziň belli bir derejesini termodinamiki şertleri, beýleki tarapdan jynslaryň düzümine baglydyr. Metagenez – metamorfiki jynsa öwrülmek prosesleriň döwri diýmekdir ýada epigeneziň başlangyjyndan metomorfizim aralyga çenli çökündi dag jynslarynyň çuňlaşmagynda tamamlaýjy stadiýa metagenez diýilýär.
Okalan sany: 45   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
25 мая 2019

N.W. Logwinenkanyň anyklamasyna görä mineral erginleriň gatnaşmagynda we ýokary atmosfer basyş şertinde ýokary temperaturanyň täsirinde stratisferanyň aşaky böleginde çökündi jynslarda bolup geçýän çuň mineralogiki we struktur üýtgemeler döwrüdir. Metagenez hadysasynyň umumy geçýän döwründa flýuidleriň şeoloç-kislotly we turşadyjy-öňki derejä getiriji häsýetleri bölünip çykýan gazlaryň täsirini galdyrýar. Metagenez 200-300 0C temperatura aralyklarda bolup geçýär. Teoretiki taýdan öňünden dörän sebäbe we synag geçirilen maglumatlara görä metogenez zolzgynda tebigy erkin suwlar turşadyjy häsiýetde köp mukdarda ergin gazlary we duzlary özünde saklaýar. Dag jynslarynyň umumy özbaşdaklyk häsýetleri uly derejede dykyzlygy, iň aşaky derejedäki öýjçkliligi, organiki jynslaryň grafit derejesine barmagydyr. Flýuidleriň geçişi diňe jaýryklaryň ýa-da diffuziýa görnüşinde bolup biler. Metagenez stadiýasynda toýunly dag jynslarynda gatyşyk gatlaklama döremeleri we montmorilonit mineral toplumy ýogalýar. Hlorit we ýokary derejede üýtgän gidroslýudalar agdyklyk edýärler. Toýun minerallarynyň esasynda serisitleriň döremekleri mümkindir.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08973 sek. ýüklenen baýt: 32303