Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Uglewodorodlary gözlemekde seýsmiki barlagy
Ýazylan wagty: 25 мая 2019 Ýazan Mayichka
Uglewodorodlary gözlemekde seýsmiki barlagy.

Uglewodorodlar adatça giň ýaýran çökündi galyňlyklarynda duş gelýärler. Senagat möçberinde nebitiň we gazyň ýygnanmagy üçin birnäçe sany zerur şertler bardyr: uglewodorodlary öndüriji dag jynsy; kollektor we suwuklyk gözbermeýän dag jynsy; çökündi materialynda ýerleşýän we uglewodoroda öwrülýän ilkinji organiki jisimiň çökündisiniň ýygnanma taryhy; laýyk nebit we gaz gabawy. Gabawlaryň köp sanly görnüşleri bellidir - tektoniki gurluşlar we daşy toýun bilen gabalan çäge linzalary hem-de hekdaşyň galyňlygyndaky refli gurluşlar ýaly stratigrafiki gabawlar. Suw nebit we gaz şular ýaly gabawlaryň kollektor dag jynslaryň öýjük giňişliginde ýygnanyp bilerler, olar öz udel agramyna laýyklykda ýerleşýärler - gaz ýokarsynda, nebit ortasynda we suw aşagynda.
Uglewodorodlaryň ýataklarynyň gözleginde seýsmiki barlaglarynyň ilkinji döwri adatça giň meýdanlary gurşap alýan, giň ýaýran profilleriň ugurynda geçirilýär. Nebitiň we gazyň ýataklaryna häsiýetli çuň ýatýan gurluşly obýektler öwrenilende serpigen tolkunlar usuly (STU) esasy baha eýedir. Serpikdirýän gorizontlaryň köp sanly mukdary boýunça kesimi aýratynlykda öwrenmekligi üpjün edýän serpigen tolkunlar usulynyň ýokary çözüjilik ukyby, çuň ýatýan, göwrümi boýunça uly bolmadyk gurluşlary gözläp tapmakda ornuny çalşyp bolmaýar. Serpigen tolkunlar usulynda profilleriň, deňeşdireniňde, uly bolmadyk tory bilen, köp raýonlarda, köp halatlarda öz arasynda oňuşyksyz ýatýan dürli stratigrafiki gorizontlar boýunça aýratyn gurluşly elementleri bölüp bolýar. Şunuň ýaly ýol bilen regional geologiki gurluşy bolan gurluşlary ýa-da stratigrafiki elementleri ýüze çykarýarlar. Şondan soňra takyk meýilleşdirme mümkinçiligini alyp STU synlaryny çäklendirilen meýdançalarda, gelejegi uly meýdançalarda dowam edýärler.
Okalan sany: 17   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
25 мая 2019

Barlag guýularyny adatça seýsmiki profilleriň ugurlarynda ýerleşdirilende, guýylarda geçirlen geofiziki işleriň maglumatlaryny göni laýyk seýsmiki kesim bilen baglaşdyryp bolar ýaly edýärler. Bu kesgitli serpikdiriji çägiň takyk geologiki berkidilmegini aňsatlaşdyrýar. Akwatorialarda buraw işlerini geçirmek örän gymmatdyr (adatça 10-20 esse), şonuň üçin ol ýerde köplenç seýsmiki stratigrafiýanyň usullaryny ulanýarlar. Seýsmiki stratigrafiýa takyk öwrenmäni talap edýän meýdançalary bölmek üçin goşmaça usullary hödürleýär, mysal üçin has uly çökündi toplumynda lokal delta ýa-da rifogen gurluşlary ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Seýsmiki barlagyň uglewodorod ýataklaryny öwrenmekde goşandy diňe nebit we gazyň ýataklaryny açmak bilen tamamlanmaýar. Goşmaça seýsmiki profilleri ulanmak bilen ýetilýän seýsmiki maglumatlaryň takyk teswirlenmesiniň, önüm çykarýan guýylaryň ýerini kesgitlemekde peýdasy uludyr. Ondan başga-da serpigen tolkunlaryň ýazgylarynyň amplitudasynyň we beýleki häsiýetleriniň seýsmiki modelini düzmek bilen uglewodorodlaryň mukdaryna täsir edip biljek gatlagyň kollektoryň geometriýasy we onuň içindäki üýtgemeler barada takyk maglumat alyp bolar.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06857 sek. ýüklenen baýt: 32179