Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
XVIII kö­pu­gur­ly hal­ka­ra ser­gi­si ge­çi­riler
Ýazylan wagty: 25 мая 2019 Ýazan Mayichka
25-26-njy maý­da Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň ser­gi mer­ke­zin­de “Ak şä­he­rim Aş­ga­bat” at­ly XVIII kö­pu­gur­ly hal­ka­ra ser­gi­si ge­çi­riler. Bu ser­gi paý­tag­ty­my­zyň şä­her­gur­lu­şyk ul­ga­myn­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ne hem-de ony mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne ba­gyş­lan­ar. Her ýyl ge­çi­ril­ýän bu abraýly fo­ru­m ýur­du­my­zyň işe­wür to­par­la­ry­nyň we da­şa­ry ýurt­la­ryň esa­sy kom­pa­ni­ýa­la­ryň gy­zyk­lan­ma­syna öwrüler.
“Ak şä­he­rim Aş­ga­bat” at­ly ser­gi­niň ba­za­ryň ta­lap­la­ry­nyň yzy­gi­der­li art­ýan de­re­je­si­ne do­ly la­ýyk gel­ýän­di­gi onuň üs­tün­li­ge eýe bol­ma­gy­ny şert­len­dir­iler. Pu­da­ga­ra gat­na­şyk­lar bu ba­bat­da uly äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar. Hä­zir­ki wagt­da hü­när­men­le­riň iş­jeň hyz­mat­daş­ly­gy­nyň wa­jyp­ly­gy yl­my-teh­ni­ki ösü­şiň tä­ze de­re­jä eýe bol­ma­gy bi­len şert­len­di­ri­len­dir. Ge­çi­ri­ljek ser­gi ýa­kyn wagt­da Türk­me­nis­tan­da or­naş­dy­ry­lyp bi­lin­jek iň tä­ze, iň gy­zyk­ly we örän äh­mi­ýet­li teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len ta­nyş­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ep-es­li art­dyr­ar. “Ak şä­he­rim Aş­ga­bat” at­ly XVIII kö­pu­gur­ly Hal­ka­ra ser­gi şä­her­gur­lu­şyk ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge sal­dam­ly go­şant bol­ar. Bu hyz­mat­daş­lyk bol­sa, ak mer­mer­li Aş­ga­ba­dy dün­ýä­niň iň owa­dan hem-de ýa­şa­mak üçin has oňaý­ly şä­her­le­ri­niň bi­ri­ne öwür­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge ýar­dam eder.
Okalan sany: 46   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
25 мая 2019

Serginiň giň meýdançalarynda ýurdumyzyň pudak edaralary hem hususy kärhanalary şähergurluşyk we dolandyryş ulgamlary, inžener üpjünçilik ulgamlarry, ulag we aragatnaşyk, senagat hem-de durmuş düzümleri, gurluşyk we gurluşyk serişdeleri, jemagat tehnikasy we enjamlary, ekologiýa we abadanlaşdyryş ýaly ugurlaryny hödürlärler. Sergi halk hojalyk toplumuny döwrebaplaşdyrmak işini çaltlandyrmakda türkmen paýtagtynyň gazanan üstünliklerini we kuwwatyny, dürli pudaklaryň amala aşyrýlýan özgertmelere, bilelikdäki taslamalaryň we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň täze teklipleriniň mysalynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça döwlet syýasatynyň ileri tutylýan wezipelerini çözmäge gatnaşmagynyň tejribesini görkezer.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06928 sek. ýüklenen baýt: 31762