Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Säher bilen «Soňky jaň» ýaňlanar
Ýazylan wagty: 25 мая 2019 Ýazan NEXTTM

Säher bilen «Soňky jaň» ýaňlanar

Säher bilen «Soňky jaň» ýaňlanar

Şu gün 25-nji maýda ýurdumyzyň orta umumybilim berýän mekdepleriniň müňlerçe uçurymlary üçin «Soňky jaňyň» owazy ýaňlanar.

Her bir adamyň durmuşynda soňky jaňyň sesi gaýtalanmajak ajaýyp baýramçylyk bolan joşgunly şatlyga ýugrulan mekdep ýyllaryny ýada salýar. Mekdebi tamamlamak-munuň özi täsin mekdep ýyllary bilen hoşlaşmagyň tolgundyryjy pursadydyr. Okuw döwründe alnan gymmatly bilimler uçurymlaryň geljekki durmuşda dürli hünärleri üstünlikli özleşdirmegi üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat eder, täze durmuş bolsa soňky jaňyň ýaňlanmagy bilen başlanýar. Uçurymlar üçin täze, özbaşdak durmuş ägirt uly üstünliklere, ýurdumyzyň gülläp ösmegine, türkmen halkynyň abadançylygyna gönükdirilen özgertmelere beslenen ajaýyp döwrümizde başlanýar. 

Türkmen paýtagtynda «Soňky jaň» dabaralarynyň Aşgabadyň güni bilen gabat gelmegi aýratyn buýsançlydyr. Goşa baýramyň ýurdumyzyň ähli uçurymlary bilen 25-nji maýda bellenilýän şanly günüň şatlyklaryny paýlaşjak aşgabatlylaryň göwnüni has-da göterer.

Okalan sany: 25   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05734 sek. ýüklenen baýt: 31380