Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Bedene ýumurtgasy
Ýazylan wagty: 26 мая 2019 Ýazan Mayichka
Bedene ýumurtgasynyň saglyk ähmiýeti.

Áhli ugurlar bilen bir hatarda oba hojalygy, şol sanda maldarçylyk we guşçylyk ýokary depginler bilen ösýär. Ýurdumyzda towuk, bedene, käkilik ýetişdirmäge, olardan etdir ýumurtga almaga aýratyn üns berilýär. Şol önümleriň içinde beden ýumurtgasy aýratyn tapawutlanýar. Bedene ýumurtgasy ol örän ähmiýetli, ýokary kaloriýaly berhizlik iýmitdir. Ol aýratynam ýaş çaganyň ösüşinde, hassaçylykdan saplanylýan döwürde, göwreli zenanlara zerur gerekdir. Ondan başgada öz saglygy, sagdyn iýmit barada alada edýän adam iýmit önümleriniň sanawyna bu täsin ýokumy goşmalydyr.
Şeýlelikde bedene ýumurtgasyny çigligine içmek, gaýnadylan görnüşde iýmek maslahat berilýär. Ýöne gaýnadylanda peýdaly häsiýetleri ýitmez ýaly belli bir tertibi saklamak gerek.
Adam bedenine täsiri
Protein we ýumurtga sarysy deň derejede beden üçin gerek. Olarda adam bedeniniň doly işlemegi üçin peýdaly maddalaryň birnäçesi bar.
Aýratynam, aşakdaky maddalar köp mukdarda saklanýar:
В, А, РР topar witaminler.
Diňe iýmit bilen kabul edilýän öwezini dolup bolmaýan aminoturşylar. Olarsyz kadaly ösüş, zeperlenen dokumalaryň dikelmegi, proteinleriň, gormonlaryň, enzimleriň sintezi, antitelalaryň emele gelmegi gowşaýar.
Mineral maddalar (demir, kalsiý, kaliý, magniý, mis, sink we beýlekiler). Bu himiki elementler süňk dokumasynyň, ganyň emele gelmegine, nerw ulgamynda nerw impulslarynyň ýaýramagyna gatnaşýarlar.
Bedene ýumurtgasynyň düzümindäki doýgun däl ýag turşular bolsa «erbet» holesteriniň bedenden çalt çykmagyny gazanýarlar.
Lesitin gepatoprotektor bolup hyzmat edýär.
Şonuň ýalyda bedene ýumurtgasynyň gabygynda (skorlupa) peýdaly maddalar (kalsiý karbonaty, kremniý, zink, ftor, kükürt, mis we beýleki mikroelementler) saklanýar. Şonuň üçin onuň ownadylan külkesi çagalaryň rahit, ulularda osteoporoz keselini bejermekde giňden ulanylýar. Öý şertlerinde külkäni taý
Okalan sany: 74   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
26 мая 2019

Öý şertlerinde külkäni taýýarlamak üçin gaýnadylan ýumurtganyň gabygyny alyp, oňat ýuwmaly we guratmaly hem-de sokuda ýençmeli. Onuň düzümindäki kalsiýniň aşgazanda oňat sorulmagy üçin üstüne limon şerbetiniň birnäçe damjasyny damdyrmaly we biraz balyk ýagyny goşmaly. Ululara 1 çaý çemçeden günde bir gezek, çagalara ýarym mukdaryny bermeli. Beden ýumurtgasynyň adam bedenine täsiri köp taraplydyr. Çünki onuň täsiri ähli synalarda we ulgamlarda ýüze çykýar. Has takygy ol: Bedeni zerur iýmitlik maddalar bilen üpjün edýär. Süňki berkedýär we onuň ösüşini goldaýar. Çagalaryň akyl-huşuny ösdürýär. Bagyr öýjüklerini zäherleriň täsirinden goraýar (gepatoprotektor). Immuniteti goldaýar. Zyýanly holesterini bedenden çykaryp, ýüregiň işemiýa kesellerini duýdurýar. Düzümindäki tirozin aminoturşy ýüze ýaşlyk we gözellik öwüşginini berýär, nurlandyrýar. Bedene ýumurtgasy iýmitlik hökmünde: Bedeniň gowşamagynda (aýratynam çagalarda). Gan azlykda. Rahitde. Bagyr kesellerinde. Inçekeselde, distrofiýada (göýdüklikde). Psihiki ösüşden yza galynanda. Jynsy gowşaklykda Aterosklerozyň öňüni almakda. Göwrelilik döwründe. Himioterapiýadan, şöhle bejergisi alynandan soň. Deride we saçda zeperlenme bolan ýagdaýynda.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07103 sek. ýüklenen baýt: 32606