Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Eduard Uestondyň maksady
Ýazylan wagty: 26 мая 2019 Ýazan Mayichka
Siz sportyň ýöreýş gömüşiniň atasy Eduard Uestondygyny (1839-1929) onuň amerikandygyny, gysga wagtyň içinde ep esli aralygy ýörap geçip biljegi hakdaky jedelleri bilen at gazanandygyny bilýärdiňizmi? Şeýlelikde, ol şunuň ýaly jedellerde mydama utuş gazanardy. Ueston 21-ýaşynda ähli adamlara belli boldy,ýagny ol özüniň dosty Linkoln bilen onuň Prezidentlige saýlanmajaklygy hakda jedel tutanda, şol oýunda Ueston utulypdy we jedeliň şertine görä Ueston Boston şäherinden Waşingtona Prezidetiň inagurasiýasyna - 770 kilometri 10 gije-gündiziň we 10 sagadyň dowamynda geçmelidi. Howanyň garly, ýagyşly, sowuklygyna garamazdan, Ueston öz maksadyna ýetdi we оnuň bilen çäklenmän balda tans hem etdi.
Şondan soň Sport ýöreýşini Ueston girdeýji hökmünde ulandy — ol jedel üçin ýöreýärdi. Ol Ýewropa ýurtlaryna syýahat etmegi maksat edinip, şol ýerde 8 ýyl boldy we köpsanly ýöreýiş jedellerinde ýeňiji boldy. Uestony görmek üçin müňlerçe adamlar gelerdi, Eduard Ueston näçe ýollary gije gündizläp geçsede öz üsti başyna arassaçylyk bilen serederdi, ol şol ýörişleri ýörite lybasly, arassa ädikli we papakly geçýärdi.
Okalan sany: 13   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05770 sek. ýüklenen baýt: 29259