Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmen halysynyň milli baýramy bellenilýär
Ýazylan wagty: 26 мая 2019 Ýazan Mayichka
Her ýylyň maý aýynyň soňky ýekšenbesinde ýurdumyzda Türkmen halysynyň milli baýramy bellenilip gečilýär. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde "Dünýäniň bezegi türkmen halysy" atly sergini gečirýår. "Türkmenhaly"döwlet birlešigi Türkmenistandan arassa ýüň ýüplerden dokalýan meşhur türkmen el halylaryny dünýä bazaryna iberýän esasy tarap bolup durýar.
Birleşigiň esasy wezipesi türkmen el haly we haly önümlerini öndürmekden, halyny dokamagyň usullaryny ulanmakdan, gadymy haly nagyşlaryny we şu ugra degişli irki önümleri gaýtadan dikeltmekden ybaratdyr.
“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiňdüzümine çeper halyçylyk kärhanalarynyň 10-sy degişli bolup, bular Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda ýerleşýän 100-den gowrak halyçylyk bölümlerini we sehleri özünde jemleýär. Bu çeper halyçylyk kärhanalarynda 5 müňden gowrak halyçy zenanlar işleýär.
Birleşigiň çeper halyçylyk kähanalarynda öndürilýän dürli nagyşly, şekilli we ýüz keşpli halylar hem-de sowgatlyk önümler bilen bir hatarda, türkmen halylarynyň nusgawy görnüşleri işlenip taýýarlanýar. Munuň diňe bir içerki we daşarky bazarlarda bildirilýän islegleri kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, ilkinji nobatda onuň türkmen halkynyň çeperçilik medeniýetiniň ajaýyp mirasy bolup durýandygyny görkezmek bilen baglydygyny aýdýar.
Türkmen halylarynyň haýran galdyrýan gözelligini we uzak wagtlap ulanmaga ýaramlylygyny, olaryň tapawutlandyryjy aýratynlygy hökmünde görkezmek bolar, bu aýratynlyklar halyçylyga mahsus ýörelgelerden gelip çykýar. Köp asyrlyk taryhynda halyçylyk sungaty belent derejedäki kämillige ýetirilip, nagyşlaryň çeperçilik taýdan täsirliligi bilen haýran galdyrýar. Türkmen halylarynyň nagyşlarynda türkmen halkynyň gelip çykyşynyň taryhy, onuň pelsepesi we dünýägaraýyşy beýan edilendir.
Türkmen halysy tehniki taýdan taýýarlanylyşy we estetiki many-mazmuny boýunça gadymy, seýrek duşýan zatlaryň hataryna degişlidir. Bu halynyň örän syk dokalmagy onuň esasy aýratynlyklarynyň biri hasaplanýar, çünki halynyň bir inedördül metrinde 200-400 müň we şondan-da köp çitim bardyr. Diýseň syk dokalýandygy üçin halynyň nagşy örän dürs we täsirli bolup görünýär. Halydaky reňkler ýerlikli we göze ýakymlydyr.
Türkmen halysynyň başga-da haýran galdyryjy we gymmatly taraplary bar. Ýyl geçdigiçe, türkmen halysy täze öwüşginlere eýe bolýar: reňkler has ýakymly we ýüz tarapy mahmal ýaly ýumşak bolýar.
Okalan sany: 42   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
26 мая 2019

Türkmen halylary türkmeniň milli buýsanjydyr. Türkmen halysy taýsyz owadanlygy, dokalyşynyň nepisligi bilen her bir adamy özüne maýyl edýär. Ene-mamalarymyz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan halylara salnan nagyşlaryň asyl nusgasyny ýitirmän, nesilden-nesle geçirip, şu günlerimize ýetiripdir. Gelin-gyzlarymyz türkmen sähralarynyň gözelligini, al-ýaşyl güllere beslenen dag-düzüni, ýaşaýyş-durmuş şertlerini nagyşlaryň üsti bilen beýan edipdirler. Her bir çitimine tükeniksiz yhlas siňdiren zenanlarymyz halyny sungat derejesine ýetiripdirler.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08131 sek. ýüklenen baýt: 32323