Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Stomatologik keselleriň öňüni alyş çäreleri
Ýazylan wagty: 26 мая 2019 Ýazan Mayichka
Soňky ýyllarda stomatologik keselleriň öňüni alyş çäreleriniň meýilnamasyna uly üns berilýär. Meýilnama 7-12-17 ýaşly okuwçylaryň arasynda stomatologik keselleriň öňüni alyş çäreleriniň geçiriliş düzgünleri girizildi.
Meýilnama:
“Habar beriş blok – modul„ – öňüni alyş 2 sapak ýaşyna görä illýustrirlenen 9 temadan ybarat:
anatomiýa, fiziologiýa we diş-äň ulgamynyň ähmiýeti;
agyz boşlugynyň gigiýenasynyň serişdeleri we düzgünleri;
stomatologiki keselleriň öňüni almakda iýmitiň ähmiýeti;
diş-äň ulgamynda ftoridiň, kalsiniň, makro we mikroelementleriň orny;
agyz boşlugyna çilimiň, alkogolyň we neşaniň täsiri;
esasy stomatologiki keselleriň etiologiýasy, patogenezi we kliniki alamatlary;
profilaktiki stomatologiki barlaga psihiologiki taýýarlyk usullary;
stomatologik keselleriň hünärmen profilaktikasy;
öý şertlerinde agyz boşlugynyň kesellerinde kömek berişiň maslahatlary.
Gigiýena endikleri formirleýji blok – gigiýena sapaklaryny geçirmek we onuň effektiwligini kesgitläp, diş arassaçylygyna gözegçilik etmek. Sapak şahsy tematiki meseleleri, bäsleşikleri, wiktorinalary we toparlaýyn oýunlary öz içine alýar.
Hünärmen (profesional) iş hereket blogy – stomatologiki keselleriň öňüni almakda toplumlaýyn barlaglary.
Maslahat beriş blogy – agyz boşlugynyň ideginiň şahsy maslahatlary dogry iýmitlenmegi, diş bejerilende özüni alyp barmaklygy, çilim çekmekligi we neşekeşlik endikleriniň öňüni almaklygy, hirurg stomatologa, ortodonta we terapewte ýüz tutmaklygy ýaly maslahatlaryny öz içine alýar.
Profilaktiki iş hereket blogy – bejeriş we öňüni alyş çärelerini, agyz boşlugyny ftorid natriniň, hlorgeksidiň ergini bilen çaýkamaklygy, dişleri düzüminde ftor saklaýan laklar bilen örtmek, maşklary öwretmekligi geçirmekligi gurnamakdan ybaratdyr.
Okalan sany: 42   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
26 мая 2019

Meýilnamany geçirmekde 1 synpyň 25-30 okuwçylaryna (hronometražyň netijelerine görä) wagt harjy şulardan durýar: habar beriş blok – 90 min. agyz boşlugynyň gigiýenasynyň profilaktika sapagy – 45 min. okuwçylaryň ulgamlaýyn stomatologiki barlagy we profilaktikadan şahsy maslahat bermek – ortaça her okuwça 12.5 min. agyz boşlugyny natriý ftoridi bilen çaýkamak ýa-da dişleri ftorlak bilen örtmekligi gurnamak – ortaça her okuwça 5 min. Işlenilip düzülen meýilnama illýusrasion serişdeleri, görkezme esbaplary bilen baýlaşdyrylyp, mekdep mugallymy unformasion bilimini we meýilnamanyň öwrediji böleklerini has takyk ýerine ýetirip biler. Informasion we amaly sapaklary mugallymlar, pediatrlar, psihologlar, lukmançylyk we pedagogik uniwersitetleriň taraplary geçirip bilerler. Agyz boşlugyny kariýese garşy erginler bilen gaýtadan çaýkamaklyk metodikasyny mekdebiň şepagat uýasyna tabşyrmaly.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06617 sek. ýüklenen baýt: 32103