Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Agyz bošugynyň gigiýenasy
Ýazylan wagty: 26 мая 2019 Ýazan Mayichka
Ýokary okuw mekdeplerinde ulgamlaýyn öňüni alyş çäreleri. Ýokary okuw mekdeplerinde öňüni alyş işleri ilki bilen agyz boşlugynyň sanasiýasyndan (ortopedik kömegi hem goşmaly) başlamaly. Orta mekdeplerdäki ýaly, ýokary okuw mekdeplerinde hem gigiýena soraglaryny gurnamak möhümdir, olar stomatologik otagynyň golaýynda ýerleşmelidir.
Öňüni alyş işlerine 1-nji sentýabyrda başlaýarlar. Oňa çenli şepagat uýasy talyplary toparlaryna, okuw ýylyna, fakultetlere görä rektoryň buýrugy esasynda ýazgyny düzýär, shema boýunça 2 aýyň içinde stomatolog we şepagat uýasy talyplaryň agyz boşlugyny barlaýarlar.
Soňra barlagyň materiallarynyň işini durmuşa ornaşdyrýarlar, dispanser toparlary formirlemek, bir ýylyň sanitar-gigiýena terbiýesiniň meýilnamasyny, şeýle-de bejeriş meýilnamasyny rektoryň goldamagynda düzýärler. Gigiýena otaglarynda talyplara agyz boşlugynyň ideginiň düzgünlerini öwredýärler, mümkin boldugyça her talyba agyz boşlugynyň hünärmen gigiýenasyny geçirmeli.
Muňa dişleri ftor saklaýan lak bilen örtmek, reminerizirleýji erginler we gerdejikleri görkezme boýunça geçirmeklik, ilki bilen syrçanyň deminerizirleýji ojaklarynda zeperlenme tapgyrynda kariýesiň işjeň akymynda, syrçanyň giperesteziýasynda görkezmeleri degişlidir. Başga ýagdaýlarda agyz boşlugynyň gigiýenasyna gözegçilik etmeklik wajypdyr.
Ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda öňüni alyş işleri ilki bilen agyz boşlugynyň sanasiýasynda (ortopedik kömegi hem geçirilmeli) başlamaly.
Okalan sany: 40   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
26 мая 2019

Stomatolog lukmanlaryň, TDLU-niň ýokary ýyl talyplarynyň we bilim ulgamlarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda Aşgabat, Abadan, Balkanabat, Daşoguz, Türkmenabat we Mary şäherleriniň mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda birnäçe ýylyň dowamynda wagyz-nesihat we barlaglar alnyp baryldy, gözegçilik edildi. Düzüminde ftor saklaýan diş pastasynyň kariýese garşy täsirini öwrenmek üçin “Blend-a-med” pastasy saýlanyp alyndy. Barlag gözeçilik üç ýylyň dowamynda Aşgabat şäheriniň mekdepleriniň 300 okuwçysynyň arasynda geçirildi. Çagalaryň arasynda wagyz-nesihat işlerinden başga-da ýörite barlaglar hem geçirildi. Barlagyň netijeleri Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýörite stomatologiki kartasyny doldurmaklyk we olary seljermeklik bilen jemlenildi.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07479 sek. ýüklenen baýt: 31486