Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
“Halypa synagy” rowaýat
Ýazylan wagty: 08 июня 2019 Ýazan Mayichka
“Halypa synagy” rowaýat
Abu Aly ibn Sinanyň (Lukman Hekimiň) golunda tälim almak, oňa şägirt bolmak uly hormat hasaplanylypdyr. Günlerde bir gün uly baý bilen kembagal bir adam öz ogullaryny Ibn Sina şägirtlige bermekçi bolýarlar.
—Eý, halypa, huzuryňyza çagalarymyzy alyp geldik. Terbiýelemäge alyp, şägirtlige kabul etseňiz. Siziň ýaly tebip bolup ýetişäýseler gowy boljak—diýipdirler.
Ibn Sina olara razylyk berip, çagalaryny synap görüp,şägirtlige aljakdygyny aýdypdyr. Ibn Sinanyň bir endigi bar eken. Kim oňa şägirt bolmakçy bolsa, öňünden synagdan geçirip, soň tebipçilik ylmyny öwreder eken.
—Balalarym, daglarda-daşlarda geziň, çöl-beýewanlary söküň-de, her biriňiz müň däneden otgyýak ýygyp geliň.
Ibn Sina şeýle diýipdir-de, olaryň her biriniň eline bir torba beripdir. Aradan birnäçe gün geçipdir. Oglanlaryň birinjisi gelip,ýygan otlaryny ibn Sinanyň öňüne döküpdir. Otlaryň hemmesi hem däri-dermanlyk eken. Muny gören Ibn Sina guwanyp sorapdyr:
—Berekella,oglum, iň gowy dermanlyk otlary ýygypsyň. Indem bir soragyma jogap ber. Hany, aýdyp ber, aýak gabarmasyna näme derman bolar?
—Meniň tebipçilikden habarym ýok. Men ýaňy size şägirtlige durdum ahyryn—diýip, oglan aýdypdyr.
Ibn Sina: “Şu on günüň içinde däri-dermanlyk otlaryň arasynda gezibem, tebipçilikden hiç zat öwrenmedik bolsaň, senden tebip däl-de, alyp satar çykar”diýip, içini gepledipdir.
Soň bolsa ol oglana:
—Saňa rugsat, oglum, gaýdyber! Bar-da, alyp-satarlara şägirt bol—diýipdir.
Aradan bir gün geçenden soň kembagal adamyň ogly gelip, ýygan otlaryny hekimiň öňüne döküpdir. Dürli dermanlyk otlary gören Ibn Sina juda şat bolup:
—Berekella,köşegim. Hany, sen maňa aýdyp ber, aýak gabarsa, näme däri-derman edip bolar?- diýip sorapdyr.
—Reýhany ýa-da narpyzy suwda ezip, azajygam daş duzdan goşup ýuwmak gerek—diýip, oglan pert-pert jogap beripdir.
Okalan sany: 63   Jogaplar: ( 2 )

Mayichka
08 июня 2019

—Çöl-beýewanda, galypsyň-da, suw tapmansyň diýeli. Suwsuzlygyňy näme bilen gandyrmak bolar?—diýip, Ibn Sina ýene sowal beripdir. — Ýandagyň suwy teşneligiňi gandyrar hem derman bolar—diýip, ol oglan jogap beripdir. —Berekella, oglum, sen indi maňa diňe şägirt däl-de, perzendem bolduň—diýip ,Ibn Sina aýdypdyr.

Mayichka
08 июня 2019

Hormatly Nexttm.com saýtynyň okujylary Siziň üçin belli akyldar alym, lukman, matematik hem pelsepeçi Abu Ali ibn Sina bilen bagly rowaýatlardan hödürleýäris.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05938 sek. ýüklenen baýt: 31806