Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
“Halasgäri-tebigat” rowaýat
Ýazylan wagty: 08 июня 2019 Ýazan Mayichka
“Halasgäri-tebigat” rowaýat
Ibn Sina çöl-beýewanlarda dermanlyk otlary ýygnap ýörkä, şol ýerlerde düşlän patyşanyň goşunynyň üstünden barypdyr. Patyşanyň özi agyr kesel eken. Onuň keselini hiç bir tebip bejerip bilmändir. Ibn Sinany tanamadyk patyşanyň adamlary:
— Näme bu ýerde kaňkap ýörsüň? Kim sen, derwüşmisiň?—diýip, sorapdyrlar.
—Ýok, men tebipdirin,dermanlyk otlary ýygnap ýörün.
— Tebip bolsaň, patyşamyzy sagaldyp ber. Ol indi birnäçe wagtdan bäri tapsyz. Tebipleriň köpüsi gördi, emma em edip bilmedi. Sen ony bejerseň-ä, bejerersiň, ýogsa-da o dünýä gidersiň—diýşip, ony patyşa bilen ýüzbe-ýüz edipdirler. Patyşany synlan Ibn Sina, onuň keselini anyklap bilmändir. “Näme bolsa, şol bolsun, kyrk gün möhlet soraýyn. Razy bolsa, şol wagtyň içinde keselini anyklap, däri-derman ederin. Köp dermanlyk otlary ýygnap ýetişerin. Soňundan näme etse, eder-dä” diýip, oýlanypdyr-da, patyşa garap:
— Älemiň penasy, şu ýerde siz kyrk gün bolmaly bolarsyňyz. Men her gün sizden habar tutup duraryn. Belki, Hudaý şypa bergeý-dä—diýipdir.
Patyşa razy bolupdyr.Ibn Sina:“Her gün patyşany dagyň kä o tarapyna, kä bu tarapyna alyp baryň” diýip, görkezme berip, özi dermanlyk otlary gözlemegini dowam etdiripdir.
Howa ýarapmy,suw ýarapmy, patyşa gün-günden özüni ýagşy duýup başlapdyr. Kyrk gün diýlende patyşa sagalypdyr. Ol Ibn Sina ýüzlenip:
— Sen üýtgeşik bir tebip ekeniň, sagalyp gitdim, taňryýalkasyn—diýipdir.
Ibn Sina:
—Soltanym, taňryýalkasynyňyzy maňa däl-de, daş-töweregimizdäki dag-daşlara aýdyň. Şu ýerler, howa we dermanlyk otlaryň ysy bolmadyk bolsa, ikimiziň hem halymyz harap bolardy—diýip, jogap beripdir.
— Näme üçin beýle, pikiriňi anygrak aýtsana–diýip, patyşa sorapdyr.
— Bu ýeriniň howasy hem, suwy hem, otlary hem, galyberse-de, umydyňyz sizi ol keselden saplady. Şolar bolmadyk bolsa:
Okalan sany: 29   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
08 июня 2019

Şolar bolmadyk bolsa: “Patyşamyzy sagaldyp bilmediň” diýip, hyzmatkärleriňiz derimi soýardylar. Sagalyp gidenine şat bolan patyşa Ibn Sina bir bedew at berip, başdan-aýak serpaý edipdir.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05102 sek. ýüklenen baýt: 30776