Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Galyndylary gaýtdan işlemegiň we ýok etmegiň dürli usullaryny agtaryň
Ýazylan wagty: 09 июня 2019 Ýazan Mayichka
Galyndylary gaýtdan işlemegiň we ýok etmegiň dürli usullaryny agtaryň
Galyndylaryň döreýän ýerini, olaryň saklanylýan ýerini, saglyk öýüniň niresinden alnyp
gaýdylýandygyny yzarlaň. Galyndylar yzygider köpelýärmi? Olar nähili ýygnalýar? Galyndylary
ýygnaýanlar hakykatdan hem ellik, ýapyk aýakgap ýa-da gorag egin-eşikleri geýýärlermi?
Galyndylar howpsuz konteýnerlerde daşalýarmy?
Galyndylary gaplaýanlar käbir zatlary köne-sanalary alýanlara satýarlar. Galyndylaryň
saýlanyşyna we olaryň zyýansyzlandyrylmagyna baglylykda, bu iş howply ýa-da howpsuz
bolup biler. Galyndylary ýygnaýanlar gaýtadan ulanyljak materiallary howpsuz usulda
ýygnalyp-ýygnalmaýandygy barada alada edýärmi? Galyndylaryň işlenilmeginden ýa-da olaryň
satylmagyndan eklenýän adamlar üçin bu ulgamy has howpsuz etmegiň usullary barmy?
Okalan sany: 42   Jogaplar: ( 2 )

Mayichka
09 июня 2019

Degişli çäreleri görüň! Saglyk öýünde bolup geçýän zatlar hemmelere degişlidir. Galyndylary howpsuz etmek üçin edilen her bir ädim adamlara we daşky gurşawa ýetýän zyýany azaldýar. Häzirki wagtda saglyk öýüni nähili kämilleşdirip bolar? Galyndylar zibil taşlanýan ýerlere alnyp gidilensoň ýa-da galyndylar ýakylýan peçlere salnansoň, saglyk öýi olaryň dolandyrylyşyna täsir edip bilermi?

Mayichka
09 июня 2019

Saglyk öýüniň ähli işgärleri bilen yzygider türgenleşik geçiriň we olary okadyň Howpsuzlyk meýilnamasynyň islendigini alyp görsek-de, ol galyndylar bilen iş salyşýan we lukmançylyk galyndylaryny döredýän adamlaryň okadylmagynyň we türgenleşdirilmeginiň dowam etdirilmegine esaslanýar. Hiç zyýan ýetmez öýdýän ýagdaýyňyzda, elbetde, howpsuzlyk usullaryna biparh garasa bolýar. Şonuň üçin-de, galyndylara her ýyl gaýtadan baha bermek adamlara seresap bolmagyň wajyplygyny ýatlatmaga kömek eder.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06692 sek. ýüklenen baýt: 31220