Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Dökülen simaby nädip aýyrmaly
Ýazylan wagty: 09 июня 2019 Ýazan Mayichka
Termometr ýaly içi simaply zatlar döwlende,
simap ownuk bolejiklere dargaýar. Adamlary
we haýwanlary ol ýerden daşda saklaň.
Gyzdyryjy enjamlary, wentilýatorlary ýa-da
kondisionerleri öçüriň we howa girer ýaly penjireleri
açyň. Dökülen simaby aýyrmak üçin, size ellik, pipetka, 2
list gaty kagyz ýa-da karton, 2 polietilen paket, ýelimli lenta,
el çyrasy (fonar) we içi suwly aýna konteýner gerek bolar.
Simaby ýygnamagyň howpsuz usuly:
Simaba degmäň. Penjireleri ýa-da gapylary açyň.
Sagadyňyzy we gymmat bahaly bezegleriňizi aýryň. Simap beýleki metallara ýelmeşýär.
Gündizdigine garamazdan, hemme zat oňat görner ýaly, simabyň dökülen ýerini
yşyklandyryň.
Mümkin bolsa, himiki maddalara durnukly ellik geýiň. Lateks ellikden ikisini geýiň.
Simaby kiçiräk üýşmege üýşürmek üçin gaty kagyzyň ýa-da kartonyň kiçijik böleklerini
ulanyň.
Simaby sorduryp almak üçin pipetkadan peýdalanyň we ýygnan simabyňyzy içi suwly aýna
gaba salyň.
Galan simaby ýygnamak üçin ýelimli lentany ulanyň.
Ýelimli lentany, pipetkany, ellikleri we kartony polietilen pakete salyň.
Paketiň daşyna “simap galyndylary” diýip bellik ediň we ony suwly konteýnere salyň.
Konteýneriň agzyny ýapyp, oňa bellik ediň. Ony ýene-de bir pakete salyň.
Paketden zäherli galyndylardan dynylýan usulda dynyň.
Okalan sany: 55   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
09 июня 2019

Simabyň zyýanly täsirini azaltmagyň iň oňat usuly – düzümi simaply zatlary azrak ulanmaly. Mümkin bolsa, düzümi simaply enjamlaryňyzy metal gaplarda saklaň. Enjam döwülse-de, simap stol, oturgyç ýaly agaç zatlara siňmän, metalda galar. Siziň ýaşaýan ýeriňizde simapsyz termometrler elýeter bolsa, şolary ulanyň.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08924 sek. ýüklenen baýt: 30571