Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Lukmançylyk galyndylaryny gömmek
Ýazylan wagty: 09 июня 2019 Ýazan Mayichka
Lukmançylyk galyndylaryny gömmek
Ýiti gurallardan, beden böleklerinden, ulanyş möhleti geçen dermanlardan dynmak üçin çukurlary
ulanmak peýdalydyr. Komposta ýaramly galyndylary (iýmit galyndylaryny), gaýtadan ulanyp boljak
materiallary (käbir aýna we plastmas önümleri) ýa-da zyýansyzlandyrylandan soň gömülmäge
niýetlenen (plastmas önümleri, mata, hasalar) galyndylary çukura taşlamaň.
Golaýda zibil üýşürilýän ýa-da gömülýän ýer bar bolsa, zyýansyzlandyrylan galyndylary şol ýerde
ýygnap, howpsuz gömüp bolar. Şeýle ýeriň bolmadyk ýagdaýynda, saglyk öýünde galyndylar üçin uly
bolmadyk çukur gazmagy göz öňünde tutuň. Galyndylaryň howpsuz gömülmegine gözegçilik ediň.
Ýiti zatlar iň howply galyndy bolandyklary sebäpli, iňňeleri we ýiti gurallary saglyk öýündäki howpsuz
çukurlarda gömmelidir. Galyndylar bilen iş salyşýan adamlaryň ählisi galyndylary howpsuz gömmek
we ýok etmek barada degişli maglumatlary bilmelidir. Bu galyndylaryň howpsuz ýok edilmegi üçin
zerurdyr.
Galyndylar üçin howpsuz çukurlar
Galyndylary gömmäge niýetlenen çukurlaryň howpsuz bolmagy üçin, olar golaýdaky guýulardan
aşakda, ýerasty suwlaryň akyp çykýan çeşmelerinden, suw gözbaşlaryndan azyndan 50 metr
uzaklykda gazylmalydyr. Suwuklygyň topraga we ýerasty suwlara siňmeginiň öňüni almak maksady
bilen, çukuryň düýbi we gapdallary palçyk bilen suwalmaly.
Çukura bellik edilmeli. Ony adamlardan we haýwanlardan goramak
üçin, daş-töweregine haýat aýlamaly.
Guýudan
50m aşakda
Suwdan
50m daşda
Jaýlardan
50m daşda
Galyndylar üçin çukur gazanyňyzda,
“50 metr” kadasyna eýeriň.
Okalan sany: 72   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
09 июня 2019

Beton örtükli çukurlar Şeýle çukury gündeki galyndylar üçin däl-de, diňe ýokançly galyndylar üçin ulanmak bolar. Giňligi 1-2 m we çuňlugy 2-den 5 metre çenli bolan çukur gazyň. Çukuryň düýbi ýerasty suwuň iň ýokarky derejesinden azyndan 1 ½ metr ýokarda bolmalydyr. Çukuryň düýbüni 30 sm galyňlykda palçyk bilen suwap tekizläň. Içine suw akmaz ýaly, çukuryň gyralaryna çykyt aýlaň. Çagalaryň we haýwanlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, çukur gazan ýeriňiziň daş-töweregine haýat aýlaň. Galyndylary her gezek çukura taşlap, onuň üstüni 10 santimetr gum ýa-da gum we hek garyndysy bilen gömüň. Hek galyndylary zyýansyzlandyryp, haýwanlary ürküzýär. Galyndylar çukuryň 0,5 metr üstüne çykanda, olary ýarym metr galyňlykda gum bilen gömüň- de, azyndan 10-30 santimetr galyňlykda beton bilen örtüň.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05995 sek. ýüklenen baýt: 31726