Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Gün energiýasy
Ýazylan wagty: 09 июня 2019 Ýazan Mayichka
Gün energiýasy
Siz güneşli howada bedeniňiziň ýada öýüňizdäki howanyň gyzýandygyny
duýýaňyzmy? Eger duýýan bolsaňyz,
bu gün energiýasynyň täsir edýändiginiň
alamatydyr. Gün energiýasyny netijeli
ulanmagyň birnäçe usuly: suwy gyzdyrmak
, suwy howpsuzlandyrmak
, nahar taýýarlamak ýa-da
öýi ýylatmak ýaly usullary
bardyr. Gün energiýasyny tok öndürmek
üçin hem ulanmak bolýar.
Gün energiýasy günüň ýagtysyny alyp,
ony elektroenergiýa öwürmek üçin gün galkanlarynyň ýa-da gün batareýleriniň ulanylmagyny
talap edýär. Bulutly howada gün şöhleleriniň ýere düşmeýändigi sebäpli öndürilen energiýa
yşyklandyrmak, herekete getirijileri we beýleki maşynlary işletmek üçin ulanmazdan öň batareýalarda
toplanylmalydyr.
Gün galkanlaryny, batareýleri we beýleki bölekleri talap edýänligi sebäpli, gün energiýasynyň
ulgamyny gurnamak gymmat bolup bilýär. Ýöne günüň ýagtysy mugt we ol üznüksiz täzelenip durýar.
Gün ulgamy gurnalandan soň, ony işletmek we dolandyrmak serişdäni köp talap etmeýär. Her
3-5 ýyldan batareýleriň we döwlen gün galkanlarynyň çalşylmagy – gün ulgamyny dolandyrmagyň
iň çykdajyly bölegidir.
Jaýyň üçegindäki gün galkanlary gün
energiýasyny toplaýarlar.
Gün elektrik ulgamynyň bölekleri

Gün
galkanlary
Gün galkanlary
köýdürmekden
goraýan enjam
(predohranitel)
Söndürip ýakyjylar
Lýuminessent
yşyklandyrma
Ýereçatma Rozetka
ulgamynyň
oky
Batareýlar.
Okalan sany: 70   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
09 июня 2019

Güne gyzan suw Günüň köp bolan ýerlerinde gün energiýasy köplenç suwy içmek we suwa düşmek üçin gyzdyrmak maksady bilen ulanylýar. Güne gyzýan suw gün galkanlaryny we gymmat enjamlary talap etmeýär. Gerek bolan bar zatlar – suw gaby we gün şöhlelerini özüne has gowy çeker ýaly, gara reňk çalnan turba. Aram klimatda suwy gyzdyrmak üçin gün kollektorlary zerurdyr. Olar ýönekeý suw gyzdyryjylardan gymmat, ýöne suwuň täzelenmeýän serişdeler bilen gyzdyrylmagyndan we elektroenergiýa üçin gün panellerinden arzandyr. Suwuň akyp girýän turbasy Gara reňk çalnan metal ýa-da plastik turba Üçekde ýa-da ýere gün düşýän ýerde ýerleşdirilen gün suw gyzdyryjysy . Ýönekeý suw gyzdyryjy Aýnadan ýa-da plastikden ýasalan gapak suwy ýyly saklamaga kömek eder Suw üçin gap Gara reňk gün ýylylygyny özüne çekýär we çelekdäki suwy gyzdyrýar Suwuň akyp çykýan turbasy Suwy öýe ýetirýän turba Serpikdiriji


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06236 sek. ýüklenen baýt: 31777