Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Hususy bähbitli gözegçilik saglygymyz üçin zyýanlydyr
Ýazylan wagty: 09 июня 2019 Ýazan Mayichka
Hususy bähbitli gözegçilik saglygymyz üçin zyýanlydyr
Ekwadoryň kenarýakasynda ýüze çykan saglyk kynçylygy şol sebitde işlän uly kompaniýa zerarly
döredi. Bu kompaniýa tokaý agaçlaryny öz hususy bähbitleri üçin satmak maksady bilen, ýerli ilata
pul tölediler. Adamlar bir günde gazanylan pula gyzygyp, tokaýlygyň hemme agaçlaryny çapyp
gutardylar. Bu agaçlar bolsa kenarýaka topragy süýşmekden we gaý-tupanlardan goraýardylar.
Mundan başga-da, adamlar güzeranlaryny dolamaga kömek edýän tebigy baýlyklary – azyk, odun,
dermanlyk ösümliklerini, süýümli ösümlikleri ýitirdiler. Uly tokaý kimin ägirt tebigy baýlygy ýitirip-de,
onuň öwezi dodurylmasa, tebigata, eklenmek üçin bu tokaýa bil baglan adamlara, geljek nesillere
talaň salmak bilen des-deňdir.
Uly kompaniýalar tebigy baýlyklary: tokaýlary, nebit we suw baýlyklaryny, tohumlary ýa-da
adamlaryň zähmetini dolandyranlarynda, bularyň baryny öz hususy bähbitleri üçin ulanýarlar. Olar
adamlaryň durmuşyny gowulandyrmak üçin ujypsyz serişdeleri sarp edip, bu tebigy baýlyklaryň
ýerli ilaty ekleýändikleri barada pikir-de etmeýärler. Uly kompaniýalar iş ýerlerini we oňat aýlyklary
teklip etseler-de, bularyň bary wagtlaýyndyr. Olar tebigy baýlyklary ýurduň daşyna çykaryp, hususy
bähbitlerini araýarlar. Şol ýerdäki tebigy baýlyklar gutarandan soň, kompaniýalar şol ýerden gidýärler.
Ýerli ilat bolsa öňküden-de beter garyp düşýär.
Okalan sany: 42   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
09 июня 2019

Biz iň soňky agajy çapanymyzdan soň, iň soňky derýany hapalanymyzdan soň, iň soňky balygy tutanymyzdan soň, puly iýip bolmaýandygyna düşüneris.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05049 sek. ýüklenen baýt: 30307