Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Ýaşaýyş ulgamyna sarpa goýmak
Ýazylan wagty: 09 июня 2019 Ýazan Mayichka
Ýaşaýyş ulgamyna sarpa goýmak
Tebigat dünýäsi dürli-dürli jandarlardan ybaratdyr. Adamlaryň, ösümlikleriň, haýwanlaryň we
mör-möjekleriň dürli görnüşleri biologiki köpdürlülik diýip atlandyrylýar. Alymlaryň janly-jandarlara
şeýle ylmy adalgany bermezinden ozal hem adamlar öz çagalaryna ýaşaýyş ulgamy hakynda köp
gürrüň berýän ekenler. Mysal hökmünde möýüň kerebini alyp göreli. Ol ençeme sapajyklardan ybarat
bolup, bu sapajyklar özara birigip, biri-birlerine “garaşlydyrlar”. Biologiki köpdürlüligi düzýän janlyjandarlaryň-da ählisi umumy ýaşaýyş ulgamyna garaşlydyr.
Mysal üçin, adamlar öz saglyklary üçin ýaramly bolan miweleri ýygnaýarlar. Bu miweler mörmöjekleriň agaçlary tozanlandyrmasynyň netijesinde ösýär. Eger baglar tozanlandyrylmasalar, elbetde
agaç hasyl bermez. Guşlar mör-möjekleri iýýärler, tilkiler guşlary awlaýarlar. Ýaşaýyş ulgamynyň
deňagramlylygy haýsydyr bir araçäkde gülleriň, mör-möjekleriň, guşlaryň we tilkileriň ýeterlik
bolmagyny aňladýar. Eger siziň jüýjeleriňizi iýýänligi üçin tilkiler öldürilse, onda guşlaryň sanynyň
köpelmegi mümkin. Netijede, olar juda köp mör-möjekleri iýerler. Mör-möjekleriň sany azalsa, baglar
ýeterlik derejede tozanlandyrylmaz. Baglar tozanlandyrylmasa, hasyl derejesi peseler.
Okalan sany: 77   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
09 июня 2019

Häzir we geljekde adamzat saglygyny goramak üçin, ýaşaýyş ulgamyny goramalydyr. Gynansak-da, her ýyl ösümlikleriň, haýwanlaryň käbir görnüşleri bütinleý ýitýär. Bu ýitip gidýän ösümlikler, haýwanlar öwezini dolup bolmajak baýlykdyr. Olar durmuş ulgamynyň sazlaşykly işlemegine gatnaşyp, adamyň saglygyny goraýardylar.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06599 sek. ýüklenen baýt: 30382