Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Ýazylan wagty: 11 июня 2019 Ýazan Mekanjan
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine, ýerlerde alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleriniň barşyna garaldy.

Maslahatyň dowamynda Aşgabat şäheriniň we ýurduň welaýatlarynyň häkimleri döwlet Baştutanyna:

- paýtagtymyzdaky işleriň ýagdaýy, ony abadanlaşdyrmak, adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin iň oňat şertleri döretmek we şäheriň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler;

- iri desgalardaky gurluşyklaryň depgini, şolaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmegini üpjün etmek hem-de Ylymlar gününe taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler;

- Aşgabat şäheriniň çäklerinde täze şäheri gurmak boýunça alnyp barylýan işler, hususan-da, döwrebap, tehnologiýalar hem-de innowasiýalar esasynda bina ediljek şäheriň taslamasyny taýýarlamak;

- meýdan işleriniň — galla oragynyň barşy we gowaça ideg etmek boýunça görülýän çäreler;

- «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümini guramak boýunça çäreler we beýleki alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Türkmen döwletiniň Baştutany hasabatlary diňläp, olaryň her biri barada möhüm tabşyryklary berdi.

Okalan sany: 43   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05435 sek. ýüklenen baýt: 31545