Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Ortaasyr Hytaý şähergurluşygy
Ýazylan wagty: 11 июня 2019 Ýazan Mayichka
Ortaasyr Hytaý şähergurluşygy
Hytaýda hem gadymy dünýäniň beýleki
ýurtlarynda bolşy ýaly şäherler tire – taýpa gurluşyň
ýitip gul – eýeçilik geçilýän döwründe ýüze çykýar.
Ki (ýa-da Szi) adyny göteren Pekin şäheri hakynda
ilkinji maglumatlar b.e. öň 1121-nji ýylda duş gelýär.
Şol döwürde Pekin uly bolmadyk Ýan patyşalygyň
merkezi bolupdyr. Hytaýyň ýene bir gadymy şäheri –
Lo-i (häzirki döwürde Lo-ýan) taryhy hronologiýa
boýunça Rimiň dörän wagtyna gabat gelýär (b.e. öň
XIII asyrda). Şeýlelikde Hytaý şähergurluşygy
Greiýanyň we Italiýanyň iň gadymy ilatly nokatlary
bilen, Assiriýa şähergurluşygy bilen bileräk
başlanypdyr diýmäne esas döreýä. Emma şol eýýamyň
şähergurluşyk ýadygärlikleri häzire çenli näbelli bolup
galýar. Munuň sebäbi gadymy şäherleriň gazuw –
agtaryş işleri ýeterlik derejede geçirilmedik, şeýle hem
olaryň köpüsi söweşler döwründe doly ýitipdir. B.e. öň
I müňýyllygynyň Huanhe derýasynyň orta akymlarynda
ýerleşen, Hytaýyň iň ösen ýerlerinde feodalizm ösüp
başlaýar. B.e. III-II aa. senetçiligiň, onümçiligiň we
söwdanyň merkelerini öwrülýän käbir şäherler has
giňediler.
Pekin şäheriniň gündogaryň paýtagtyna
öwrülmegi şäheriň täzeden gurulmagyna getirdi.
Hubilaýyň köne şäher tutuş diýen ýaly ýok edilip onuň
ýanynda täze paýtagt guruldy. Bu paýtagt her tarapy
6.300 metr bolan takyk dörtburçlyk görnüşinde
bolupdyr.
Okalan sany: 30   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06643 sek. ýüklenen baýt: 30123