Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Astronomiýanyň taryhyndan
Ýazylan wagty: 11 июня 2019 Ýazan Mayichka
Astronomiýanyň taryhyndan.
Asmanda bolup geçýän Günüň
we Aýyň dogup ýaşmagy, Aýyň çärýekleriniň (fazalarynyň) wagta
görä üýtgemegi, guýrukly we süýnýän ýyldyzlar, Aýyň, Günüň tutulmagy, ýyldyz asmanynyň pasyllara görä çalyşmagy ýaly hadysalar
we obýektler adamlary gadymy zamanlardan
bäri gyzyklandyryp gelipdir. Ýokarda görke­
zilişi ýaly, adamlar oba hojalygynda astronomiki maglumatlary ulanypdyrlar. Emma ony
öwrenmekligi ýola goýmandyrlar. Älemdäki
asman jisimleri barada galdyrylan ýazgylaryň
iň gadymysy biziň eýýamymyzdan ozalky
VIII asyra degişlidir. Biziň eýýamymyzdan 2
müň ýyl ozal Hytaý astronomlary Günüň we
Aýyň tutuljak wagtynyň hasabyny çykarypdyrlar. Biziň eýýamymyzdan müň ýyl ozal
bolsa Müsüriň ybadathana hyzmatkärleri Nil
derýasynyň joşmagyny Ýaldyrak ýyldyzynyň
dogýan wagtyna gabat gelýändigi bilen düşün­
diripdirler. Olar Ýaldyragyň dogan wagtyndan
çen tutup, ýylyň dowamlylygyny has takyk
kesgitlemegi başarypdyrlar. Birnäçe alymlar
astronomiýada uly yzlary goýup gitdiler. Olara
Gipparh, K. Ptolemeý, N. Kopernik, A.R. alBiruni, J. Bruno, M.T. Ulugbeg, G. Galileý,
E. Galleý, I. Nýuton, I. Kepler we beýlekiler
mysal bolup biler.
Okalan sany: 75   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
11 июня 2019

Astronomiýanyň ylym hökmünde ýüze çykmagynda gadymy grek alymy Gipparh uly goşant goşdy. Ol, takmynan, biziň eýýamymyzdan öň 190-125-nji ýyllar aralygynda ýaşapdyr. Gipparh ilkinjileriň hatarynda asman jisimlerine yzygiderli gözegçilik edip, olary san taýdan öwrenipdir. Ol Günüň we Aýyň göze görünýän hereketleriniň hasabyny ýöredipdir. Aýa çenli uzaklygy we ýylyň dowamlylygyny kesgitlemegi başarypdyr. Jemi 850 ýyldyzyň orunlaryny görkezýän ýyldyz katalogyny düzüpdir hem-de ýyldyzlary ýagtylyklary boýunça 6 topara we şonuň esasynda derejä bölüpdir. Iň ýagty ýyldyza ol 0 dereje, zordan saýgarylýan ýyldyzlara bolsa 6 dereje beripdir. Onuň girizen ýyldyz ululygy (Ý.U) diýen ýagtylyk birliginiň fzikanyň we matematikanyň kanunlaryna laýykdygy hakdaky subutnamalar köp wagtdan soň takyklanylýar.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08041 sek. ýüklenen baýt: 31007