Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Dünýä möçberindäki maýlama
Ýazylan wagty: 11 июня 2019 Ýazan Mayichka
Dünýä möçberindäki maýlama
Bütin dünýäde ýaşaýyş ulgamy dargap barýar. Tokaýlaryň çapylyp aýrylmagy, howanyň we suwuň
hapalanmagy, janly tebigatyň ýitirilmegi – bularyň hemmesi mese-mälim görünýän üýtgeşmelerdir.
Taşlandylar zerarly atmosferanyň ýylylyk derejesiniň artmagy bolsa assyrynlyk bilen bolýan
üýtgeşmelere degişlidir.
Tutuş ýer ýüzünde atmosferanyň ýylylyk derejesiniň artmagy dünýä möçberindäki mesele
bolup, köp ýerlerdäki klimatyň (belli bir ýerde uzak wagtyň dowamynda bolýan howa şertleri)
üýtgemegine sebäp bolýar. Howanyň ýylylyk derejesiniň ujypsyz artmagy-da klimaty düýpgöter
üýtgetmegi ahmal. Ýer ýüzüniň käbir ýerlerinde uly suw joşgunlary, gaý-tupanlar tursa, başga
ýerlerinde ýagynlar az ýagyp, güýçli gurakçylyklar ýüze çykýar. Tutuş ýer ýüzünde atmosferanyň
ýylylyk derejesiniň artmagy zerarly klimat üýtgeýär. Munuň netijesinde bütin dünýäde tebigy
betbagtlyklar ýüze çykýar, adamlaryň saglyk ýagdaýy erbetleşýär.
• Suw joşgunlary, uly apy-tupan we gurakçylyk hasylyň ýitirilmegine, açlyga, jaýlaryň
ýumrulmagyna, köpçülikleýin göçüşlere, ýaralanmalara we ölüme sebäp bolýarlar.
• Keselçilik beterläp ýa-da ýaýrap başlaýar, sebäbi klimatyň üýtgemegi haýwan kesellerini
ýokuşdyrýan mör-möjekleri getirýär, olaryň başga ýerlere-de göçüp-gonmagyna mümkinçilik
berýär.
• Ýokary derejeli ýylylyk keselleriň we ölümiň artmagyna getirýär.
Okalan sany: 52   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
11 июня 2019

Dünýä möçberindäki maýlamanyň ilkinji sebäpleri Daşky gurşaw adamlaryň we senagatyň taşlandylaryny özüne siňdirip bilýär. Emma daşky gurşawa zyňylýan taşlandylaryň juda köp bolan ýagdaýlarynda, Ýer togalagy olary siňdirip bilmeýär. Soňky ýüz ýylyň içinde adamlar gazylyp alynýan ýangyçlary: nebiti we kömri çykaryp, olary ýakyp başladylar. Munuň netijesinde daşky gurşawa zyňylýan taşlandylaryň möçberi artdy. Bu dünýä möçberindäki maýlamanyň ilkinji sebäbidir. Mundan başga-da, önümçilik üçin öndürilen himikatlar howany zaýalayp, daşky gurşaw tarapyndan siňdirilip bilmeýär. Bu bolsa öz gezeginde atmosferanyň ýylylyk derejesiniň artmagyna sebäp bolýar. Tebigy baýlyklary adalatsyz paýlap, olardan durnuksyz usulda peýdalanmaklyk dünýä möçberindäki maýlamanyň ýene-de bir sebäbidir. Amerikanyň Birleşen Ştatlary ýaly baý döwletler tebigy baýlyklary çendenaşa köp peýdalanyp, uly girdeji hem ýokary ýaşaýyş derejesini gazanmak üçin köp taşlandylary döredýärler. Munuň netijesinde bolsa atmosferanyň ýylylyk derejesi artýar. Pukara ýurtlar hem şeýle durnuksyz ýörelgä eýerip başlanlarynda, Ýer togalagyna bu taşlandylaryň hötdesinden gelmek has hem agyr düşýär. Dünýä möçberindäki maýlama zerarly döräp biläýjek kynçylyklaryň we tebigy betbaglyklarynyň öňüni almak üçin, ösen ýurtlar-da, ösüp barýan ýurtlar-da tebigy baýlyklary ulanmak babatda öz garaýyşlaryny üýtgetmelidirler. Dünýädäki ýurtlaryň hemmesi tebigy baýlyklary ulanmakda durnukly usullardan peýdalanmalydyrlar. Bu aýratyn hem gazylyp alynýan ýangyçlara degişlidir. Adamlar gazylyp alynýan ýangyçlary ulanmagy bes edip, energiýanyň has arassa gözbaşlaryndan peýdalanyp başlamalydyrlar.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05873 sek. ýüklenen baýt: 32653