Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Ahalteke bedewiniñ toýnagyna dakylýan nalyñ taryhy barada
Ýazylan wagty: 11 июня 2019 Ýazan NEXTTM
 

Ahalteke bedewiniñ toýnagyna dakylýan nalyñ taryhy barada

Taryha baý ýurdumyzyñ goýnunda müñýyllyklaryñ açylmadyk syrlaryny saklap gelen arhelogiýa ýadygärliklerinde häzirki wagta çenli türkmen bedewiniñ daşdan, toýundan, metaldan ýasalan bezeg we däp-dessur ähmiýetli heýkeljikleri, ganatly bedewiñ keşbiniñ gymmatbahaly metal heýkeli bilen bezelen ritonlar, atyñ keşbi çekilen külalçylyk önümleri, möhürler, oguz begzadalarynyñ bedewleri seýislenen saz gurallary tapyldy. Diýarymyzyñ dürli ýerlerinde Düldülüñ «ahyry», «gazygy», «toýnagynyñ yzy» ýaly täsin tebygy ýadygärlikler hem biziñ günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Ýöne häzirki wagta çenli bedewiñ metaldan ýasalan naly hiç bir arhelogiýa ýadygärliklerinde ýüze çykarylmandyr.

Şähryslam ýadygärlikler toplumynda 2018-nji ýylda gazuw agtaryş işleri geçirilende atyñ suraty bilen bezelen X-XI asyrlara degişli toýun gabyñ bölegi ýüze çykaryldy. Şähryslam ýadygärliginden şeýle gymmatly tapyndylaryñ yzygiderli ýüze çykarylmagy Watanymyz dünýäde atçylygyñ we seýisçiligiñ dörän iñ gadymy ojaklarynyñ biridigini ýene bir ýola tassyklady. Şähryslamda tapylan demirden ýasalan nalyñ uzynlygynyñ 11 sm, aralykdaky oýtumynyñ 8 sm, ininiñ 9 sm, galyñlygynyñ 2 sm barabar bolmagy, onuñ häzirki döwürde bedewlere kakylýan nalyñ ölçegleri bilen gabat gelmegi, ahalteke bedewiniñ orta asyrlara degişli taryhy barada gymmatly maglumatlary berdi.  

Görnüşi ýaly, türkmen bedewini gadymy oguz nesilleri öziniñ milli buýsanjy-ykbaldaşy hasaplapdyrlar. Asyrlaryñ jümmüşinde söweşlerde ýeñiş, ýaryşlarda şan-şöhrat getiren uçar ganatyny, syrdaşyny hem wepadar ýoldaşyny başynyñ täjine deñäpdirler. Şoña görä-de bedew bilen bagly her bir ylmy gymmatlyk atşynaslygyñ we atçylyk syýasadynyñ öz boluşly goşandydyr. Çünki şeýle tapyndylar atşynaslygyñ gadymdan galan dürli tärleriniñ indi rowaýata öwrülip gidenleri barada hem tanyşmaga, ýazmaga söhbet etmäge, ata-babalarymyzyñ atlary näderejede ösdürip  ýetişdirmägi, altyn-kümüş şaýlara besläp, toý gününiñ şatlygyny neneñsi belende göterendigi, olary öz sada tebipçilik  usullary bilen bejerendigi we nal kakyp gorandygyna ýaşatlyk edýäris. 

            Aşgabat şäheriniñ ýaşaýjysy
             Jümagül Toýlyýewa


Okalan sany: 10   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05515 sek. ýüklenen baýt: 31837