Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
TÜRKMENISTANDA GÜN ENERGIÝASYNY PEÝDALANMAGYŇ MÜMKINÇILIKLERI
Ýazylan wagty: 11 июня 2019 Ýazan NEXTTM



TÜRKMENISTANDA GÜN ENERGIÝASYNY PEÝDALANMAGYŇ MÜMKINÇILIKLERI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe innowasion ösüşlere ykdysadyýetde öňdebaryjy tejribeleri we häzirki zaman  tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ýokary netijeli, howpsuz hem-de ekologiýa taýdan arassa  energetika pudagyny  döretmäge aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň häzirki zaman  energetika pudagy örän  kuwwatlydyr.  Türkmen energetikasynyň halkara bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, goşmaça energiýa çeşmeleri bolan ýeliň, günüň, gyzgyn suwlaryň, biogazlaryň energiýalarynyň milli ykdysadyýetimizde ulanylmagyny ýola goýmak, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebap ösdürmek maksady bilen uly işler amala aşyrylýar. Bazar ykdysadyýetiniň häzirki zaman şertlerinde energiýany tygşytlamak we ekologiýa ýurduň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanýar.

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwrebaplaşdyrylmagy, özgertmeleriň täze tapgyrlary kabul edildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Gün energiýasy institutynyň Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň garamagyna geçirilmegi hem şu maksada gönükdirilendir. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda hem energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini öwrenmek işleri ýola goýlandyr. Institutymyzda şu nukdaý nazardan “Adaty däl we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” hünäri boýunça talyp ýaşlar taýýarlanylýar. Bu ugurda okaýan talyplaryň ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin institutymyzda ähli mümkinçilikler döredilendir. Dünýäniň iň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan okuw tejribelik merkezi işleýändir. Bu tejribelik merkezinde kuwwaty 2kWt bolan Gün fotoelektrik stansiýasy we kuwwaty 2 kWt bolan Ýel energetiki desgasy şeýle-de  günüň eneriýasy arkaly suw gyzdyryjy kollektor ýerleşdirilendir. 
 
Okuw maksatnamasyna laýyklykda agzalan hünär üçin ýörite dersleriň esasynda adaty we adaty däl energiýa çeşmeleri, energiýa çeşmeleri we olaryň gorlary, dünýä ýüzünde energiýa çeşmeleriniň dinamiki ulanylyşy, adamyň energetiki zerurlygyny kanagatlandyrmagyň adaty däl çeşmelerine esaslanan maglumatlary öwrenilýär we seljerilýär, şeýle-de günüň, ýeliň, geotermal ýylylyklary ulanmaklygyň, gün kollektorlarynyň gurluşlarynyň, gün elektrik stansiýalarynyň, ýel energetiki desgalarynyň we.ş.m ulanylyşyny öwrenmäge gönükidirilen meseleler goýulýar.

Türkmenistanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň energiýa mümkinçilikleri ýylda 110 milliard tonna şertli ýangyç möçberde diýlip kesgitlenýär, has netijeli ugurlary gün we ýel energiýasy hasaplanýar. 

Gün energiýasy - gaýtadan dikeldilýän energiýanyň iň uly göwrümi hasaplanýar. Bir ýylda ýer 3,9∙〖10〗^24  J=1,08∙〖10〗^18  kWt∙sag töweregi gün şöhlelenmesini alýar, bu bolsa adamzadyň energiýa her ýylky isleginden 10000 esse köpdir we ýangyjyň uglewodorod we ýadro görnüşleriniň dünýädäki gorundan has agdyklyk edýändir.  

Gün energiýasynyň elektrik energiýa özgerdilmesi Termodinamiki we fotoelektriki usullar arkaly amala aşyrylýar .

Dünýäniň gün energetikasynyň ugruny we ösüşli geljegini kesgitleýän düýpli faktorlaryny we täze tehnologiýasyny kesgitlemek, şeýle hem işlenip düzülme mümkinçilikleri we täze fiziki esaslarynyň peýdalanylmagy, tehnologiýasy, materiallary we bäsleşige ukyply Gün energiýa ulgamynyň döredilmegi üçin gurluşy, geljekki energetikada olaryň wezipesi işiň maksady hasaplanýar.
Salgylanma çeşmeleriň esasynda Gün we ýangyç energetikasynyň indiki bäsleşige ukyply taraplary jemlelendir:

Gün elektrik stansiýasynyň peýdaly täsir koeffisiýenti 20% az däldigi.

Gün elektrik ulgamynyň kuwwatynyň peýdalanylyşynyň ýyldaky sagat sany 8760 sagada deň bolmagy hökmanydyr. Bu bolsa, gün energiýa ulgamynyň elektrik energiýany bir gije-gündiziň dowamynda 24 sagatlap, bir ýylda bolsa, 12 aýlap generirlenýändigi. 

Gün elektrik stansiýasynyň hyzmat möhleti 50 ýyla golaý döwri öz içine alýandygy. 

Gün elektrik stansiýanyň gurnalan iň ýokary kuwwatynyň nyrhy ýokary bolmaly däldigi.

Gün energo ulgamy üçin ýarym geçiriji materiallaryň öndürilişi bir ýylda bir million tonnadan geçmeli däldigi we bir kilogramy ABŞ-yň 15 dollaryndan ýokary bolmaly däldigi. 

Gün elementleriniň we modullarynyň öndürilmeginde materiallary we tehnologiýalary ekelogiki tarapdan arassa we howpsuz bolmagy hökmanydygy. Gün fotoelektrik energetikasynyň häzirki zaman maksady we ösüşli ugurlary ýokarda agzalan kriteriýalara nähili derejede jogap berýänligine garalyň.

Dünýäniň ösen döwletleriniň geçiren tejribeleriniň esasynda Gün energiýasyny özgertmegiň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça aşakdaky maglumatlar esaslandyrlandyr:

Kaskad geterestruktura esasyndaky gün elementleriniň tejribelerde maksimal ýetilen  peýdaly täsir koeffisiýenti  36,9% düzýändigi (Spektrolab firmasy, ABŞ), kremniden edilen gün elementi üçin 24% düzýändigi. Russiýadaky we beýleki ýurtlardaky zawodlaryň köpüsi, peýdaly täsir koeffisiýenti 14-17% bolan gün elementlerini goýberýändigi barada maglumatlar berilýär. 

 Täze fiziki esaslar,  materiallar we düzümleri peýdalanylýan, çäklendirilen peýdaly  täsir koeffisiýenti  93% çenli bolan gün elementiniň täze görnüşleri işlenip düzülýär. Bu ugurda esasy işler gün şöhlelenmeleriniň ähli spektrini has doly peýdalanmaga we fotonlaryň doly energiýasyny peýdalanmaga gönükdirilendir. Fotonlaryň doly energiýasy – her bir foton ýarymgeçirijide gadagan edilýän zonadan özüne  energiýa siňdirmeli we onuň ini bu fotonyň energiýasyna gabat gelmeli diýen prinsip boýunça düşündirilýär. Bu bolsa gün elementinde 47% çenli ýitgini peseltmäge ýardam berýär. Munuň üçin bolsa geljegi bolan gün elementi işlenilip düzülýär: gadagan edilýän zonasynyň dürli ini bolan ýarymgeçirijiden ýasalan kaskad görnüşlisi; gadagan edilýän zonadan üýtgeýän inli; gadagan edilýän zonadan garyşyk energetiki derejeli. 

Dünýäniň ösen döwletleriniň geçiren tejribeleriniň esasynda Gün energiýasyny termodinamiki usulda elektrik energiýa özgertmegiň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça aşakdaky maglumatlara esaslandyrlandyr:

Gün ýylylyk elektrik stansiýalary önümçilik we ýaşaýyş ýerlerini elektrik energiýa, gyzgyn suw we ýylylyk bilen üpjin edip bilýändigi. Günüň energiýasynyň peýdalnylyş koeffisiýentini 50-60% ýokarlandyrmaga mümkinçiligiň bardygy bellenilýär. Stasionar konsentratorlaryň peýdalanylmagy ýylylyk göterijiniň temperaturasyny 900C çenli artdyrmaga we Gün elektrik stansiýasynyň bahasyny, 1000 dollar/kWt çenli arzanlatmaga ýardam berýär. Konsentrator modullaryň esasynda kop otagly we bir maşgalaly öýler, şeýle hem senagat binalary üçin gün mikro-Ýylylyk elektrik merkezi,  mundan başga-da şäherler, obalar, oba hojalyk we senagat kärhanalary üçin merkezi stasionar Gün elektrik stansiýalary işlenip düzülýär.
Bu bolsa häzirki wagtda dünýä boýunça Gün elektrik stansiýasynyň  netijeliliginiň ýokarlandyrylmagynyň kuwwat birligini öndürmäge energiýanyň we materiallaryň harajadynyň azaldylmagyna, mundan başgada Gün elektrik stansiýasyny gurmak üçin ýeriň ölçeglerini we bahasyny peseldilmegine getirýär.

Dünýäniň ösen döwletlerinde gurnalan Gün ýylylyk elektrik stansiýalary güneşli Türkmenistan döwletimiziň  dürli ýerlerinde gurnamaga mümkinçilik bar. Türkmenistan döwletimizde häzirki wagtda Gaz turbina desgalarynyň birnäçesi gurlup ulanmaga berildi. Gaz turbina desgalaryny Parabola silindr görnüşli gün ýylylyk elektrik stansiýalary bilen utgaşykly dolaşykda işletmäge ähli mümkinçilikler bar.   

Salgylanma çeşmeleriň esasynda parabola silindr görnüşli  gün ýylylyk elektrik stansiýalarynda  konsentratoryň   foksynda polat turba şekilli daşy aýna bilen  örtülen ýylylyk kabul ediji oturdylandyr. Turba bilen aýna örtügiň  aralygynda wakuum döredilen, turbalar bolsa, spektriň  gözýetimli  ýerinde ýokary  siňdirijilikli  we  infragyzylly bölekde  pes şöhlelenme  koeffisiýentli  selektiw gatlak bilen örtülendir. Şeýle enjamlar daşky giňişlige şöhlelenme, konweksiýa, ýylylyk geçirilme   esasyndaky   ýitgileri azaltmaga mümkinçilik döretýär. Ýylylyk äkidiji bolup kremniý organiki ýag  ýylylyk  kabul edijiden  geçip 390℃  çenli gyzýar we öz ýylylygyny  suwa we suw buguna  berýär. Kabul edijide alynýan aşa gyzdyrylan bug Renkin aýlawy boýunça işleýän Ne kuwwatly bug turbina gönükdirilýär. Soňra bug turbinasynda buguň kinetik energiýasy  aýlawly hereketiň  mehaniki energiýasyna öwrülýär, ol bolsa öz gezeginde, elektrik  generatorynda  elektrik energiýasynyň  öndürilmegini üpjün edýär.  

Dünýäniň ösen döwletleriniň geçiren tejribeleriniň salgylanmalary esasynda Gün energiýasyny termodinamiki usulda elektrik energiýa özgertmegiň netijeli usullaryny nazarda tutup, ýurdumyzdaky hereket edýän  Gaz turbina desgalaryny Parabola silindr görnüşli kabul edijili Gün ýylylyk elektrik stansiýalary bilen utgaşykly dolaşykda işletmeklik hödürlenýär.

Ylmy işden garaşylýan netijeler. 

Gün energiýasyny gije-gündizleýin we ýyllaýyn özgertmegiň we peýdalanmagyň mümkinçiliklerini upjün eder, Gün elektrik stansiýasynyň peýdaly täsir koeffisiýenti ýokarlanar, ulanylyş möhletini artar,  elektrik energiýanyň ýokary bolmadyk ululyga çenli bahasy peseler, ХХI asyryň ahyrlaryna çenli elektrik energiýanyň öndürilişinde Gün energiýasynyň ornunyň 60-70% çenli ýokarlanmagy gazanylar. 

Okalan sany: 32   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07533 sek. ýüklenen baýt: 43235