Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Zähmet-Ynsanyň ahlak edebidir
Ýazylan wagty: 11 июня 2019 Ýazan NEXTTM
Zähmet-Ynsanyň ahlak edebidir
 
Türkmen edebiýatynyň ägirtleriniň biri hasaplanýan beýik şahyrymyz Kerim Gurbannepesow (1929-1988ý) şeýle jümleleri getirýär: «Men pylanyň ýerinde bolan bolsam pylan işi ederdim diýmän öz ýeriňde wagtyň näme edip biljegiň hakda oýlan». Bu  setirleri getirmekden esasy maksadym ynsan ýaşlykdan zähmet çekmäge werziş bolsa ol ynsanlar dünýäň eşretinden daşda galmazlar, şeýle adamlar ahlak taýdan hem arassa kalby päk adamlardyr. Zähmetsöýerlik, jepakeşlik, halallyk hem-de dogryçyllyk Türkmen halkynyň ganyna, aňyna  gadymdan siňen mukaddeslikdir. 

Zähmetkeş ýadamany-ýaltanmany bilmeýän maşgala  ilhalar, rysgally-döwletli, agzybir maşgala bolup ýaşaýandygyny durmuş ençeme eýýamlardan bäri subut edip gelýär. Şu ýerde ýene bir bellemeli zat ýagtylygyň ýanynda garaňkylygyň boluşy ýaly biziň aramyzda hem türkmen halkynyň edebine gadymdan gelýän medenýetine ters gelýän yzagalak adamlar hem tapylman duranok. 

Beýle diýmegimiň aňyrsynda mähriban watanymyzyň duzyny iýip, suwundan teşneligini gandyryp ýörenligine garamazdan ýurdymyzyň abraýyny düşürmek üçin ýalan gybat edip, «Düýä münüp hataba gizlenýän» adamlara hem duşmak bolýar. Beýle adamlar näme üçin gybat edýärler? Ine indi öz temamyza dolansak ol adamlaryň ganynda, aňynda  ýaltalyk, işýakmazlyk ýaly pes häsiýetler özüne mekan tutunyp ýeňil eklenje elgarama edip goýupdyr. Ahlagyny ýitiren adamdan çykyp biljek zatlaram gep gybatdyr. Zähmetden gaçýan adamlar öz ýurdyny tankytlap  özge ýurtlara gidip ýeňil eklenç gazanmak isleýärler. 

Öz Ata-watanyna wepa bermedik özge ýurda wepa berer diýseler,  ynanmaryn. Zähmet çekmane, arassa ahlakly bolup halal ýaşamana gözel diýarymyzda ähli mümkinçilikler döredilen. ýurdymyzyň islendik ykdysady pudagynda bol elin ýaşamana çeken zähmetiňe görä zähmet hakyňy gazanmaga doly şertler ýeterliklidir.

Okalan sany: 16   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05559 sek. ýüklenen baýt: 30793