Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Ylym-bilim bagtly geljegimiziň kepilidir
Ýazylan wagty: 11 июня 2019 Ýazan NEXTTM


Ylym-bilim bagtly geljegimiziň kepilidir

Her ýylyň 12-nji iýuny ýurdumyzyň senenamasynda aýratyn dabaraly gün hökmünde şöhlelenýär. Bu günde halkymyz dabara bilen Ylymlar gününi belläp geçýär. Şu ýyl hem adaty ýyllarda bolşy ýaly, türkmen paýtagty şanly wakalara baý boldy.    
   
“Ylymlar güni” mynasybetli “ylmy-amaly maslahatlaryň ençemesi geçirildi. 
    
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Türkmen milli konserwatoriýasynda Ylymlar güni mynasybetli “Ylym-bilim bagtly geljegimiziň kepilidir” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.  
   
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ylymlar güni mynasybetli “Hormatly Prezidentimiziň milli ylym syýasaty, innowasion ösüşler möhüm wezipeler” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
    
Türkmen döwlet energetika institutynda “Ylym ösüşiň we geljegiň ýoly” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. 
  
“Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe oba hojalyk ylmy” atly ylmy-amaly maslahat Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçirildi. 
   
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda     “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dilleri öwrenmegiň we öwretmegiň döwrebap usullary” atly ylmy amaly maslahat geçirildi. 
   
Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen maslahat “Ylym-bilim özgertmeleri durnukly ösüşiň beýik binýady” diýlip atlandyryldy. 
   
Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirilen ylmy-amaly maslahat “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň ylmy innowasion ösüşi” diýlip atlandyryldy. 

“Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde ylmyň orny” atly ylmy-amaly maslahat           Türkmen döwlet maliýe institutynda geçirildi. 
   
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk, Içeri Işler ministrliginiň institutynda geçirilen ylmy-amaly maslahada işjeň häsiýet mahsus boldy. 
   
Halkara nebit we gaz uniwersitetinde internet olimpiadasynda üstünlik gazanan talyplary sylaglamak dabarasy boldy. 
   
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşiniň ýaş alymlary merkeziniň ylymlar günine bagyşlap geçiren ylmy-amaly maslahaty “Ýaş alymlar dünýä ylmynyň baglanyşdyryjy güýjidir” diýlip atlandyryldy. 
   
Türkmen döwlet medeniýet institutynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ylymlar güni mynasybetli “Türkmen ylmy dünýä ylmynyň aýrylmaz bölegi” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
   
Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Ahal welaýat häkimliginiň bilelikde gurnamagynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdebinde “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mugallymçylyk ylmynyň ösüş ugurlary” atly bilim işgärleriniň usuly-amaly maslahaty geçirildi. 
   
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň Ylymlar güni mynasybetli geçiren ylmy-amaly maslahaty “Ylym rowaçlygyň we bagtyýarlygyň çyragydyr” diýlip atlandyryldy. 
   
Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynda Ylymlar güni mynasybetli “ Milli Liderimiziň ylym ulgamyny kämilleşdirmek baradaky taglymaty innowasion ösüşleriň kepilidir” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. 
   
Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçirilen ylmy-amaly maslahat “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe saglygy goraýyş ulgamynyň dabaralanmagy” diýlip atlandyryldy. Şeýle-de, lukmançylyk uniwersitetinde Bilim ministrligi bilen bilelikde geçirilen ylmy-usuly maslahat “Lukmançylyk ýokary okuw mekdebinde dilleri okatmagyň innowasion usullary we tehnologiýalar” diýlip atlandyryldy.
   
Türkmen döwlet maliýe institutynda sanly ykdysadyýete bagyşlanan okuw usuly maslahat geçirildi. 
    
Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda Ylymlar güni mynasybetli geçirilen ylmy-amaly maslahat ”Berkarar döwletimizde ylym ösüşlerimiziň hereketlendiriji güýjüdir” diýlip atlandyryldy. 
   
Türkmen döwlet medeniýet institutynda geçirilen maslahata işjeň häsiýet mahsus boldy. Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Uniwersitetinde geçirilen maslahat ylymlar günine bagyşlandy. 
    
Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk, S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutlarynda geçirilen ylmy-amaly maslahatlar hem Ylymlar günine bagyşlanan çäreleriň üstüni ýetirdi. 
    
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda geçirilen ylmy-amaly maslahat “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym innowasion usulyň beýanydyr” diýlip atlandyryldy. Şeýle-de bu ýokary okuw mekdebinde okuw ýylynyň dowamynda halkara derejesinde geçirilen internet olimpiadalarynda ýokary netije görkezen bu ýokary okuw mekdebiniň talyp ýaşlaryny sylaglamak dabarasy boldy. 
    
Türkmen döwlet medeniýet institutynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň gurnamagynda ylymlar güni mynasybetli “Türkmen ylmy dünýä ylmynyň aýrylmaz bölegi” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. 
    
12-13-nji iýunda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat geçiriler.
    
12-nji iýunda bolsa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçiriler. Eziz Arkadagymyzyň ylym-bilim özgertmeleri bilen Türkmenistan watanymyzy halkara derejeli bilim berýän merkeze öwürendigini buýsanç bilen bellemegimiz hökmanydyr. 
   
Okalan sany: 28   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05888 sek. ýüklenen baýt: 39484