Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
21 ýaşynda 196 ýurda aýlandy
Ýazylan wagty: 12 июня 2019 Ýazan NEXTTM

21 ýaşynda 196 ýurda aýlandy

21 ýaşynda 196 ýurda aýlandy

Amerikaly syýahatçy zenan Leksi Alford gezelenç etmekde dünýä rekordyny goýdy. 21 ýaşyndaky Leksi dünýädäki garaşsyz 196 ýurda gezelenç eden iň ýaş syýahatçy bolmagy başardy. Mundan öňki rekord 28 ýaşly Kassie de Pekola degişlidi. Leksi Alfordyň iň soňky baran ýurdy Demirgazyk Koreýa boldy. Giden ähli ýurdundan suratlary öz “instagram”, “facebook” ýaly sosial media ulgamlary arkaly muşdaklary bilen paýlaşan Leksi Alford biziň güneşli diýarymyza hem gezelenç etdi. 

Paýtagtymyzyň gözel ýerlerine syýahat eden ýaş jahankeşde “Garagumyň ýalkymyna” hem bary gördi. Ol dünýädäki gowulyklaryň, gözellikleriň erbetliklerden juda köpdügini, dünýädäki islendik ýerden öwrenere zat kändigini belläp geçýär. Alford özi ýaly gezelenç etmek isleýänlere, ilki bilen, syýahat etmegi ýüregiňize düwmegi, özüňize ynamyňyzyň bolmagyny, hemme zadyň mümkindigini, ynam bilen hereket etmegi hem-de dünýäde entegem gezere gözel, ajaýyp ýerleriň juda köpdügini maslahat berýär.

Okalan sany: 14   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05545 sek. ýüklenen baýt: 30630