Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Ylym-bilim — geljege ýagtylyk
Ýazylan wagty: 12 июня 2019 Ýazan NEXTTM

Ylym-bilim — geljege ýagtylyk

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen birlikde bilim ulgamyny ösdürmäge, kämilleşdirmäge uly üns berilýär. Çünki ýurdumyzyň abadan geljegi, durnukly ösüşi ylym-bilimiň ösmegi bilen baglydyr. Şunuň bilen baglylykda täze taryhy eýýamda ylym-bilim ulgamy ösüşiň täze ýoly bilen kämillige tarap batly gadamlar bilen öňe barýar. Ýaşlar Watanymyzyň güýç-kuwwaty, uly güýjüdir.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesiller üçin ähli amatlyklary bolan bilim ojaklaryny gurduryp, ulanmaga berdi. Ak mermerden bina edilen okuw jaýlarymyz diňe bir öz ajaýyplygy, owadanlygy hem-de dünýä ülňülerine laýyk gelýän gurluşy bilen tapawutlanman, eýsem, onda ylym-bilim ulgamynyň ösüşini alamatlandyrýan, dünýäniň ösen döwletleriniň bilim ulgamyna kybap gelýän tehnologiýalar hem ornaşdyrylandyr.

Ýokary we orta hünär mekdeplerinde täze hünärleriň açylmagy, şol ýokary okuw mekdeplerine ýaşlaryň ýüzlerçesiniň kabul edilmegi hem-de ylym ojaklarynda bilim alýanlaryň sanynyň artdyrylmagy milli Liderimiziň ylym-bilim ulgamynyň ösüşüniň kämilleşmegi ugrunda edýän tagallalarynyň netijesidir. 

Döwlet tarapyndan ýaş oglan-gyzlaryň daşary ýurtlara okuwa ugradylmagy-da, diňe ylmyň ösüşi bilen bagly däl-de, eýsem, döwletimiziň dünýä döwletleri bilen alyp barýan dostlukly gatnaşyklarynyň hem subutnamasydyr. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlara bolan saparlarynda döwletiň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň okuw-usulyýet işleri bilen içgin tanyşmak bilen, şol usulyýetleriň biziň bilim ulgamymyza ornaşdyrylmagynyň ýola goýulmagyna uly üns berýär. Bu bolsa ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça, şol sanda ylym-bilim pudagynda hem geljekde dünýä çykjak ýaş nesilleriň kemala gelmegine itergi berýär.

Şu gün hem ýurdumyzda ylmy amaly maslahatlar giňden geçiriler. 
Okalan sany: 33   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05753 sek. ýüklenen baýt: 31293