Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Ylymlar gününe bagyşlanan maslahat
Ýazylan wagty: 12 июня 2019 Ýazan NEXTTM


Ylymlar gününe bagyşlanan maslahat

Golaýda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Serhet institutynyň mejlisler zalynda «Ylym kämilligiň kepilidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata ýurdumyzda hereket edýän ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary gatnaşdylar. 

Ylmy-amaly maslahatda çykyş edenler hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýurdumyzda ylym, bilim ulgamyny ösdürmek baradaky bimöçber tagallalary dogrusynda beýan etdiler.

Maslahat soňra bölümler boýunça dowam etdirilip, ylmy çykyşlar diňlenildi we ara alnyp seljerildi. Bu geçen ylmy-amaly maslahat döwrebap ylmyň täze gazananlarynyň tiz özleşdirilýändigini subut etdi. 

Özara tejribe alyşmaga, täze maglumatlary paýlaşmaga we ylmy dolanyşyga ornaşdyrmaga şeýle döredilýän şertler geljekde döwletimiziň umumadamzat ähmiýetli özgertmeleriniň has-da ilerlemegine itergi berer. 

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin çäksiz alkyşlary aýtdylar.

 «Serhet abat — Döwlet abat».
Okalan sany: 30   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05725 sek. ýüklenen baýt: 30938