Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Alym Gipparht
Ýazylan wagty: 13 июня 2019 Ýazan Mayichka
Astronomiýanyň ylym hökmünde ýüze çykmagynda gadymy
grek alymy Gipparht uly goşant goşdy. Ol, takmynan,
biziň eýýamymyzdan öň 190-125-nji ýyllar aralygynda ýaşapdyr.
Gipparh ilkinjileriň hatarynda asman jisimlerine yzygiderli gözegçilik
edip, olary san taýdan öwrenipdir. Ol Günüň we Aýyň göze görünýän
hereketleriniň hasabyny ýöredipdir. Aýa çenli uzaklygy we ýylyň
dowamlylygyny kesgitlemegi başarypdyr. Jemi 850 ýyldyzyň orunlaryny görkezýän ýyldyz katalogyny düzüpdir hem-de ýyldyzlary
ýagtylyklary boýunça 6 topara we şonuň esasynda derejä bölüpdir.
Iň ýagty ýyldyza ol 0 dereje, zordan saýgarylýan ýyldyzlara bolsa
6 dereje beripdir. Onuň girizen ýyldyz ululygy (Ý.U) diýen ýagtylyk birliginiň fzikanyň we matematikanyň kanunlaryna laýykdygy
hakdaky subutnamalar köp wagtdan soň takyklanylýar. Şol maglumatlara görä, asman jisimleriniň ýagtylygy bir dereje kiçi bolanda,
onuň äleme saçýan şöhlesiniň mukdary 2,512 esse azalýar. Gipparhyň
girizen ýagtylyk birligi henize çenli hem ulanylyp gelinýär. Gipparh
Demirgazyk polýusyň ornunyň üýtgeýänligini hem subut edipdir. Bu
açyşlar astronomiýa ylmynyň ösmegine uly itergi berdi.
Okalan sany: 47   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
13 июня 2019

Gipparhdan soň ilkinji astronomlaryň biri hem K. Ptolemeý diýip hasaplanýar. Ol biziň eýýamymyzyň 90-160-njy ýyllarynda ýaşap geçen gresiýaly astronomdyr. Ptolemeý astronomi- ýanyň ylym hökmünde ykrar edilmegi üçin köp zähmet çekipdir. Ol älemiň merkezi Ýer diýip hasap edilýän geosentrik sistemasyny öňe sürüpdir. Bu ylmy çaklamany din hem goldapdyr. Ptolemeý bu sistemasyny we özüniň beýleki asman jisimleri baradaky işleriniň köpüsini, hatda Gipparhyň işlerini hem “Almagest” atly astronomiýadan ilkinji çap edilen sözlüge girizipdir. “Almagestdäki” asman jisimleri baradaky maglumatlar 14 asyrlap has takyk we giň düşünjeli mag­ lumatlar diýlip hasap edilipdir.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07451 sek. ýüklenen baýt: 31040