Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Asman jisimleri
Ýazylan wagty: 13 июня 2019 Ýazan Mayichka
Äleme şöhle saçýan asman jisimleri gadym zamanlardan bäri öz
hereketleri bilen adamlary haýran galdyrypdyr, dagda, düzde, çölde
we deňizde ugur görkeziji bolup hyzmat edipdir. Gije-gündiziň çalyş-
magy, Aýyň çärýekleriniň üýtgemegi, pasyllaryň özgermegi bolsa
adamlary öz işlerini asman jisimleriniň hereketlerine görä gurnamaga
mejbur edipdir. Asman jisimleriniň hereketlerine esaslanyp, hasaplanylýan wagtyň we düzülýän senenamalaryň halk hojalygyndaky
tutýan orny iňňän uludyr. Geografk we topografk kartalar düzülende, deňiz daşgynlary we gaýtgynlary hasaplanylanda, dürli nokatlar
üçin Ýeriň dartyş güýjüniň üýtgeýşi ölçenilende we gazylyp alynýan
magdanlar gözlenilende astronomiýa ylmynyň degişli bölümleri ulanylýar.
Aýyň we Günüň tutulmagynyň öňünden kesgitlenilmegi, asman
jisimleriniň öwrenilmegi we asman jisimlerindäki bolup geçýän ha­
dysalaryň köpüsini Ýer şertlerinde döretmäge edilýän synanyşyklar
fzika, matematika we himiýa ylymlarynyň, şolar bilen birlikde, tehnikanyň hem çalt ösmegine ýardam edýär.
Okalan sany: 71   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
13 июня 2019

Polýak alymy N. Kopernik Ptolemeýiň öňe süren geosentrik sistemasynyň nädogrudygyny ilkinji bolup subut etdi. Ol 1473-1543-nji ýyllar aralygynda ýaşapdyr. Kopernik Älemiň merkezi Ýer däl-de, Gün diýen ylmy taglymatyny 1524-nji ýylda öňe sürýär. Ol Ptolemeýiň geosentrik sistemasynyň garşysyna çykyp, özüniň geliosentrik sistemasyny äşgär edýär. Bu sistema esasynda Älemiň merkezi Gün bolup, beýleki asman jisimleriniň onuň daşyndan aýlanýandygyny mälim edýär. Onuň geliosentrik sistemasy asman jisimleriniň hereketleri barada bar bolan nätakyk düşünjeleri aradan aýrypdyr. Ptolemeýiň taglymatlaryna garşy çykanlaryň biri hem häzirki Türkmenistanyň çäginde 973-1048-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen Abu Reýhan al-Biruni bolupdyr (5-nji surat). Ol astronomiýada köp görnüşli ölçeg işlerini geçiripdir. Günüň hem-de ýyldyzlaryň gurluşy barada birnäçe işlerini ýazypdyr.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06505 sek. ýüklenen baýt: 31219