Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
F. Engels şeýle diýýär
Ýazylan wagty: 13 июня 2019 Ýazan Mayichka
F. Engels şeýle diýýär – “Sap
matematikanyň öwrenýän obýekti hakyky dünýäniň giňişlik formalaryndan
we mukdar gatnaşyklaryndan, diýmek,
juda real materialdan ybaratdyr. Şu materialyň adatdan daşary abstrakt formany kabul etmegi onuň daşarky dünýäden
gelip çykýandygy faktynyň üstüni diňe
çalaja örtüp biler. Emma formalary we gatnaşyklary özleriniň
san görnüşinde barlap bilmegi üçin olary özleriniň mazmunyndan bütinleý bölüp aýyrmalydyr, şu mazmuny perwaýsyz bir zat
hökmünde, bir gapdalda goýup geçmek zerurdyr”. Emma matematikanyň abstraktlygy onuň maddy dünýäden üzňeligini aňlatmaýar,
tersine onuň abstrakt düşünjeleri we netijeleri hakyky durmuşda duş
gelýän meseleleri çözmekde giňden ulanylýar.
Matematikanyň dürli ylymlarda uly orny bardyr. Olaryň içinde
has hem asman mehanikasynda matematika usuly esasy orun tut­
ýar. Matematiki ýönekeý aňladylýan bütindünýä dartyş kanuny bu
ýerde ulanylýar. Hadysalaryň toplumy doly kesgitlenýär. Matematikany asman mehanikasynda ulanmagyň netijeleriniň biri-de alym
U.Ž. Lewerýeniň täze bir planetanyň (Neptun) barlygyny we onuň
kesgitli wagtda peýda boljakdygyny öňünden matematiki hasaplap
tapandygydyr. Fizika ýaly giň ylymlar pudagynda hem matematiki
usullaryň orny örän uludyr. Iňlis fzigi J.K. Maksweliň elektromagnit
hadysalarynyň kanunlaryny deňleme görnüşinde ýazyp we şol deňlemäni öwrenmek bilen, elektromagnit tolkunlary bar we olar ýagtyly­
gyň tizligi ýaly tizlikde hereket edýärler diýen netijä gelenligi taryhda
bellidir. Şeýle netijä esaslanyp ol tolkunlaryň G.R. Gers
tarapyndan açylmagy, soňra A.S. Popow tarapyndan
olary uzak aralyklara ibermek we kabul etmek mümkinçiliginiň doly
döredilmegi radiotehnikanyň düýbüniň tutulmagyna getirdi.
Okalan sany: 67   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
13 июня 2019

Tebigy ylymlara we tehnika hiç bir baglanyşyksyz hut matematikanyň öz içinde ösen tüýs abstrakt gurluşlara hem käbir ýagdaýlarda duş gelinýär. Meselem, hyýaly sanlar esasynda dörän kompleks (x+iy) üýtgeýän ululyklaryň funksiýalary aeromehanikada uly rol oýnaýar. Rus alymy N.Ý. Žukowskiniň uçaryň ganatynyň göteriş güýji baradaky teoremasy şol funksiýanyň nazaryýetine daýanýar. Matematika biologiýa, fziologiýa, ykdysadyýet we ş.m. ylymlarda hem ulanylýar. Matematika kömekçi ylym hökmünde statistika hemde sosial ylymlarda, matematiki usullaryň köpüsi bolsa, tehniki meseleleri işlemekde peýdalanylýar. Tersine, tehnikanyň öňde goýýan meseleleriniň esasynda matematikanyň täze pudaklary ýüze çykýar. Meselem, geodeziýa işleriniň talaplary iň kiçi inedördüller usulynyň ýüze çykmagyna getirdi.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06146 sek. ýüklenen baýt: 31987